Reşid Meredow ABŞ döwlet sekretary bilen maslahata gelmekden saklandy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşid Meredow.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Reşid Meredow Gamburgda ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň beýleki daşary işler ministrleriniň arasynda bolan duşuşyga gatnaşmady.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Gamburgda geçýän Ministrler derejesindäki 23-nji maslahatynyň çäklerinde geçirilen bu gepleşikde ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrlerini garşylap, Türkmenistanyň wekiliniň maslahata gelip bilmändigine “gynanandygyny” aýtdy.

Türkmenistanyň baş diplomatynyň 7-nji dekabrda geçirilen bu ýokary derejeli maslahata näme sebäpden gelip bilmändigi aýdyňlaşdyrylmaýar; bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň websaýtynda hem hiç hili maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtda, Gamburgdaky maslahatyň çäklerindäki graždan jemgyýetleriniň arasyndaky duşuşyklara gatnaşan, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew Reşid Meredowyň “gorky sebäpli” ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň ýygnagyna gatnaşmandygyny aýdýar.

Mätiýew Meredowyň gepleşikleriň dowamynda Türkmenistandaky adam hukuklarynyň bozulmagynyň anyk faktlary; şeýle-de garaşsyz žurnalistleriň tussag edilmegi, olara basyşlaryň görkezilmegi ýaly ýagdaýlaryň gozgalmagyndan howatyr edendigini nygtaýar.

“Meniň pikirimçe, [Türkmenistanyň daşary işler ministri] Reşid Meredow [ABŞ-nyň we beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna] gorky sebäpli gelmedi. Ol bu ýerde köp, şol sanda Azatlyk Radiosynyň ýakynda tussag edilen habarçysy Hudaýberdi Allaşowyň ykbaly barada hem soraglaryň beriljekdigini bilýän bolmaly. Men onuň hut şu sebäpli gelmändigini çaklaýaryn” diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew belledi.

Çarşenbe güni Germaniýanyň Gamburg şäherinde ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky “C5+1” formatdaky gepleşikler eýýäm dördünji gezek geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Jon Kerri ministrleri ýurtlarynyň garaşsyzlygynyň, özygtyýarlylygynyň we territorial bitewiliginiň 25-nji ýyl dönümi bilen hem gutlady.

ABŞ we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky “C5+1” galypdaky gepleşikleriň dowamynda regional, şol sanda ykdysady gatnaşyklar, sebitdäki howpsuzlyk we daşky-gurşaw ýaly meseleler maslahat edilýär.