Daşoguzlylar gelen aýlygyny alyp bilmeýärler

Türkmen mediasy býujet işgärleriniň aýlyklarynyň gijikdirilmegi bilen baglylykda häzire çenli hiç hili maglumat bermedi.

Daşoguzda döwlet işgärleriniň eýýäm ençeme aýlap gijikdirilip saklanan zähmet haklary berlip başlandy. Häzir sentýabryň aýlyklary işgärleriň plastik kartlaryna geçirilse-de, olary nagtlaşdyrmak kynçylygy ýüze çykdy.

Gepiň gerdişine ýatlatsak, eýýäm ençeme ýyldan bäri hökümetden aýlyk alýanlaryň zähmet haklary bank arkaly, olaryň ýörite plastik kartlaryna geçirilip; pullary soňy bilen diňe bankomatlar arkaly nagtlaşdyryp bolýar.

29-njy noýabrda daşoguzly býujet işgärleriniň sentýabryň aýlyklarynyň hasaplaryna geçirilendigi mälim edilensoň, welaýatyň etrapdyr şäher merkezlerindäki bankotmatlaryň öňünde, şol sanda medeni merkezden çetdäki obadyr daýhan birleşiklerinden onlarça kilometr ýoly söküp gelen, ýüzlerçe adamdan ybarat nobaty synlasa bolýardy.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy Mekan Täşliýew Köneürgençdäki bäş bankomatdan üçüsiniň sandan çykyp, diňe “Daýhanbankdaky” we “Altyn Asyr” aragatnaşyk bölümindäki bankomatlaryň işlemegi nobatlaryň has-da uzamagyna getirendigini gürrüň berdi.

Mekan nobat üstünde dawa-jenjelleriň döreýändigini, sişenbe güni adamlaryň gije sagat 10-da hem nobatynyň ýetmegine garaşyp durandyklaryny belledi.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki beýleki çeşmeleri nobatyň ýeteni bilenem aýlygyňy nagtlaşdyryp biljegiňiň gümanadygyny aýdýarlar.

“Her 10-15 adamdan soň bankomatlarda pul gutarýar. Bankomatlary täzeden pul bilen doldurýançalar hem ençeme sagat garaşmaly. Üstesine-de bankomatlarda tehniki näsazlyklar sebäpli kartlaryny yzyna çykaryp bilmeýänler hem az däl” diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran, aýlygyny nagtlaşdyryp bilmedik daşoguzly mugallymlaryň biri aýdýar.

Şol bir wagtda, plastik kartlardan çekip bolýan pullara hem çäklendirme bar. Atlandyrylmasyzlygyny soran daşoguzly mugallym her bir adamyň diňe 100 manady nagtlaşdyryp bilýändigini; eger-de “zerurlyk üçin gerekdigi” dogrusynda arçynlykdan ýa mekdep direktoryndan güwänama bolsa, kadadan çykma hökmünde, 500 manada çenli nagtlaşdyrmaga rugsat edilýändigini aýtdy.

Galyberse-de, zähmet haklarynyň geçirilýän plastik kartlaryny beýleki söwda gatnaşyklarynda ulanyp bolmaýandygy nygtalyp geçilýär.

Bu aralykda, eýýäm ýarym ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň dürli pudaklarynda işleýänlerden zähmet haklaryny wagtynda alyp bilmän, ençeme aýlap kösenýändikleri barada dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmen resmileri we döwlet mediasy býujet işgärleriniň aýlyklarynyň gijikdirilmegi bilen baglylykda häzire çenli hiç hili maglumat ýa düşündiriş bermediler. Geçen hepdäniň ahyrynda prezident G. Berdimuhamedow býujet işgärleriniň dekabr aýlyklarynyň Täze ýyla çenli berilmelidigini tabşyrsa-da, ol eýýäm ençeme aýlap saklanylyp gelinýän zähmet haklary barada kelam agyz söz aýtmady.

Sözüň ahyrynda jemlesek, türkmenistanlylaryň aýlyklarynyň gijikdirilmegi, ýurtda azyk hartylarynyň bahalarynyň telim esse ýokarlanan we käbir möhüm, şol sanda şeker, ýag, un ýaly gündelik harytlaryň gytçylyk döwrüne gabat geldi.