Daşoguzlylar azyk üçin bir aý öňünden nobata ýazylýarlar

Türkmen häkimiýetleri azyk gytçylygy bilen baglylykda häzire çenli ilata hiç hili maglumat ýa düşündiriş bermän gelýärler.

Köneürgenjiň “Watan” daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Bike daýzanyň soňky wagtda uly gytçylyga öwrülen şeker we çigit ýagyny satyn almak üçin ýazylan nobatyna eýýäm 35 gün bolsa-da, ol heniz hem bu harytlary alyp bilmändigini aýdýar.

“Döwlet dükanlarynyň tekjelerinde sakgyçdan we çigitden başga zat ýok, boşaşyp ýatyrlar. Düzülen nobat boýunça bir hepdäniň dowamynda diňe 3-4 adam şeker ýa-da ýag alyp bilýär” diýip, Bike daýza bu harytlaryň söwdasyna çäklendirmeleriň hem girizilendigini sözüne goşdy: “Tutuş bir hojalyga bäş litr ýagdan, bir kilogram şekerden artyk berilmeýär. Onuň ýanyndan gazlandyrylan suwy hem aldyrýarlar”.

Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda döwlet dükanlarynda 1 kilogram şeker 2 manatdan, 5 litrlik ýag hem 15 manatdan satylýar. Gürrüňi edilýän harytlar döwletiň dükanlarynda ýetmezçilik etse-de, olaryň hususy söwda nokatlarynda tapdyrýandygyna üns çekilýär. Emma telim esse gymmada satylýan, ýagny 55 manatlyk bäş litrlik günebakar ýagynyň we 9 manatdan satylýan gandyň müşderileriniň hem azdygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky habarçysy Mekan Täşliýew ýerli ilatyň aglabasynyň bu nyrhdan harytlary almaga gurbunyň çatmaýandygyny gürrüň berýär.

Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasynyň togtadylmagy we munuň netijesinde “gara bazarda” dollaryň resmi 3,50 kursundan telim esse gymmat, 7 manada çenli ýokarlanmagynyň yzy bilen ýurtda daşardan getirilýän, şeýle-de ýurduň öz içinde öndürilýän ýag, şeker, un ýaly käbir möhüm harytlaryň ýiti gytçylygy döräp başlady.

Türkmen häkimiýetleri we habar serişdeleri azyk gytçylygy, bahalaryň barha ýokarlanmagy bilen baglylykda häzire çenli ilata hiç hili maglumat ýa düşündiriş bermän gelýärler. Emma häzirki ýagdaýlaryň fonunda hökümet maslahatlarynda ýurtda uly ykdysady sepgitleriň gazanylýandygy barada dowamly sanlar berilýär.

Galyberse-de, şu aýyň dowamynda prezidentiň Täze ýyl baýramyna taýýarlyklar bilen baglylykda bazarlaryň we dükanlaryň azyk önümleri bilen üpjünçiligi barada tabşyryk bermegine; şeýle-de “Azyk howpsuzlygy” baradaky Kanunyň täze görnüşiniň kabul edilmegine garamazdan, ýurduň bazarlarynda oňaýly özgerişikleriň göze ilmeýändigi hakda dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.