Türkmenistanyň hasabatyna alternatiw hasabat hödürlendi

Türkmenbaşy şäherindeki türme

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam gynalmagyna garşy komitetine berýän hasabatyna gabatlap, adam hukuklaryny goraýjy toparlar 21-22-nji noýabr aralygynda Ženewada geçýän maslahata özleriniň alternatiw hasabatyny hödürlediler.

Adam hukuklary boýunça halkara hyzmatdaşlyk we Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy guramalarynyň taýýarlan bilelikdäki hasabatynda, Adam gynamalaryna garşy Konwensiýasynyň Türkmenistandaky berjaý edilişi bilen baglylykdaky meseleler gozgalýar.

Hasabatda 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine gynamalara garşy maddanyň girizilendigine garamazdan, onuň iş ýüzünde berjaý edimeýändigine üns çekilýär. Hasabatyň awtorlary Türkmenistanda adam gynamalary bilen baglylykda dowamly habarlar gelip gowuşsa-da, ýurtda munuň bilen baglylykda hiç hili işiň gozgalmandygyny aýdýarlar.

21-nji noýabrda ýaýradylan hasabatda BMG-niň ýörite reportýorlarynyň Türkmenistana baryp görmek baradaky ýüz tutmalarynyň onlarçasynyň jogapsyz saklanýandygy hem bellenilýär. Türkmen hökümetiniň Adam hukuklary boýunça 2016-2020-nji ýyllar üçin kabul eden Milli maksatnamasynda ýörite reportýorlaryň çagyrylmagy göz öňünde tutulýan bolsa-da, BMG-niň ýörite reportýory ýurtda soňky sapar – 2008-nji ýylda bolupdy.

Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy türkmen häkimiýetleriniň ýurduň daşyna maglumatlaryň çykmagynyň öňüni almak ugrundaky tagallalaryny möwjedendiklerini, netijede daşary ýurt habar serişdeleri, graždan aktiwistleri we hökümetiň tankytçylary bilen hyzmatdaşlyk edýänlere basyşlaryň artdyrylandygyny nygtaýar.

Türkmenistan adam gynalmagyna we beýleki ýowuz, gazaply daraşmalara, kemsidiji çemeleşmelere ýa-da jezalara garşy konwensiýany tassyklan ýurt hökmünde, bu komitete yzygiderli hasabat bermeli. Ol Konwensiýany 1999-njy ýylda kabul edenden soňra, ilkinji sapar 2011-nji ýylda hasabat beripdi.

Türkmenistanyň bu gezekki hasabaty Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa professionallyk işi bilen baglylykda, nämälim adamlar tarapyndan hüjüm edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Şeýle-de, halkara hukuk toparlarynyň, şol sanda BMG-nyň işçi toparynyň çagyryşlaryna garamazdan, türkmen häkimiýetleri Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saparmämmet Nepesgulyýewi tussag edileli bäri daşarky dünýäden üzňelikde saklaýar.