Aşgabat: 'Ýimpaş' söwda merkezine basyş edilýär

'Ýimpaş' söwda merkezi, Aşgabat.

Aşgabatdaky "Ýimpaş" söwda merkezine basyş edilýär. “Şu günler söwda merkezine häkimiýetler tarapyndan edilýän gözegçilik we çäklendirmeler barha güýçlenýär” diýip, "Ýimpaş" söwda merkeziniň ýolbaşçylaryna ýakyn çemeler Azatlyk Radiosyna maglumat berdiler.

Aýdylyşyna görä, günde onlarça müň manatlyk söwda edýän bu merkeziniň girdejisi soňky aýlarda 70% pese düşüpdir we muňa ilkinji nobatda "Ýimpaşda” harytlaryň çürt-kesik azalmagy sebäp bolýar.

Talaplar we çäklendirmeler

Birinjiden, söwda merkeziniň türkmen-türk täjirçilik bankynyň üsti bilen ýerli manady daşary ýurt walýutasyna öwürmek mümkinçiligi ýatyryldy. Ikinjiden, söwda merkezinden diňe ýerli harytlary alyp satmak talap edilýär. Bu hem azyk önümlerine, hem-de beýleki harytlara degişli. Meselem, ýerli tikin fabrikleriniň önümleri satylmaly diýilýär. Emma bu harytlaryň hili we ulanyşdaky mümkinçiligi amatly däl. Onsoňam, ýerli tikin fabrikleriniň önümlerini köp sanly ýörite dükanlar hem satýarlar” diýip, söwda merkezine ýakyn çeşme aýdýar.

Türkmenistanda ýylyň başynda daşary ýurt walýutalarynyň resmi nagt öwrülişigi doly ýatyrylansoň, ýylyň dowamynda telekeçileriň daşary ýurtlardan satyn alýan harytlary üçin hasaplaşyk-walýuta mümkinçiligi çäklendirilipdi.

Emma soňky hepdeleriň dowamynda diňe Telekeçiler we senagatçylar bileleşigine agza bolan we Söwda ministrligi bilen bagly 15 çemesi şirketiň daşary ýurt walýutalaryna konwertasiýany amala aşyrmak hukugy dikeldildi.

Häzirki dörän ýagdaýda "Ýimpaş" söwda merkeziniň öz işgär sanyny 20% çäklendirmeli bolandygy habar berildi. Söwda merkeziniň ýolbaşçy wezipelerinde işleýänleriň ýarysyna golaýynyň, adaty işgärleriň bolsa tas ählisiniň türkmenlerdigi aýdylýar.

Käbir garaşsyz çeşmeler soňky günlerde "Ýimpaş" söwda merkezine haryt eltýänlere haryt alyp barmagyň gadagan edilendigini habar berýärler. "Türkmenistanyň hronikasy" atly neşir söwda merkezinden internete simsiz çatylmak üçin, wi-fi hyzmatyny üpjün edýän gurallarynyň aýrylandygyny, internet kafesiniň ýapylandygyny we söwda merkeziniň gapysynda maýda söwda-satyk edýän söwdagärleriň kowlandygyny öz maglumatynda habar berdi.

'Ýympaş' Türkmenistanda

Türkmenistanda 1998-nji ýyldan bäri işleýän Türkiýäniň "Ýimpaş"​ kompaniýasy şol bir atly söwda merkezini 2000-nji ýylda açypdy.

"Ýimpaşyň” söwda merkezini olar öz hasabyna gurup, şu günki güne çenli öz eýeçiliginde dolandyrýandygyny bu şirkete ýakyn çeşmeler habar berýärler.

Aşgabat şäheriniň merkezinde ýerleşýän "Ýimpaş" söwda merkeziniň ýanynda "Ýimpaş" täjirçilik merkezi hem bar we bu ýerde türk firmalarynyň edaralary ýerleşýär.

Käbir maglumatlarda "Ýimpaş" söwda merkeziniň Aşgabadyň administrasiýasy bilen 2030-nji ýyla çenli uzak möhletleýin şertnamasynyň bardygy aýdylýar.

Çäklendirmelere näme sebäp boldy?

Aşgabatdaky synçylar "Ýimpaşyň” gysyşa sezewar bolmagyny belli bir derejede ýurduň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň täsiriniň barha güýçlenmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Soňky ýyllaryň dowamynda Aşgabadyň iri bazarlarynyň we söwda merkezleriniň birnäçesi Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzalarynyň eýeçiligine geçdi. Olaryň arasynda “10 ýyl abadançylyk” söwda merkezi häkimliginiň elinden alyndy. Mundan bir ýarym we üç ýyl ozal ýapylyp, häkimligiň elinden alnyp, gaýtadan gurlan “Sumbar” we “Mir” bazarlarynyň hem eýeçiligine degişli dawanyň olaryň açylman galmagyna sebäp bolýandygyny adynyň agzalmagyny islemedik çeşmeler Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

“Türkmenistanyň hronikasy” saýty "Ýimpaş" söwda merkezine ýurt başyndaky ýokarky gatlaklara degişli käbir adamlaryň göz dikip, kanuny taýdan esas bolmazdan, administratiw resurslardan peýdalanyp, ony öz eýeçiligine geçirmek maksadyny yzarlaýan bolmagynyň çak edilýändigini ýazýar.

Türk işewürleriniň eýeçiligindäki "Ýimpaş" söwda merkezine edilýän gysyşlar Türkiýede iýulda başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soňra, türk dinçisi Fethulla Gülen bilen baglanyşykly edaralaryň beýleki ýurtlarda bolşy ýaly Türkmenistanda hem ýapylmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Geçen tomusdan başlap, Aşgabatdaky Türkmen-türk uniwersiteti ýapyldy, paýtagtyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistandaky ýeke-täk türkmen-türk orta mekdebi döwletiň gözegçiligine geçdi.

Şeýle-de, Türkmenistanda işleýän türk işewürleriniň ençemesi Türkmenistany terk etdi.

"Ýimpaş" söwda merkezine ýakyn çeşmeler bu merkeziň Türkmenistandaky türkmen-türk mekdeplerine maliýe kömegini bermek bilen meşgullanandygyny, okuwçylary mugt egin-eşik we azyk bilen üpjün etmek ýaly işleri berjaý edendigini habar berdiler.

Golaýda "Ýimpaş" söwda merkeziniň ýolbaşçylaryndan biriniň Türkiýä göçüp gidendigi hem habar berilýär.

Alyjylaryň gözi bilen

Aşgabadyň ýaşaýjylary "Ýimpaşyň” açylan wagtynda, Aşgabatda uly täzelik bolandygyny aýdýarlar. Döwre laýyk ilkinji söwda merkeziniň haryt bolçulygy, harytlaryň hiliniň ýokarydygy we ýokary hilli hyzmatlar bilen tapawutlanandygyny gürrüň berýärler.

Soňky wagtda söwda merkeziniň binasynyň daşynda-da dürli çäklendirmeleriň göze ilýändigini, hususan-da 200 çemesi awtoulaga niýetlenen duralgalaryň polisiýa tarapyndan ýapylmagy ýa-da golaýdaky köçeler ýapylyp, pyýadalaryň geçmegine päsgel berilmegi ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykýandygyny paýtagtyň ýaşaýjylary Azatlyk Raidosyna gürrüň berdiler.