Türkmen paýtagtyndan dollaryň gara bazardaky nyrhlarynyň 7 manat 40 teňňeden hem geçip, 8 manada golaýlandygy barada habarlar gowuşýar, şol bir wagtda ABŞ dollarynyň manadyň garşysyndaky resmi kursy öňküliginde galýar.
Türkmenistanda dollaryň gara bazar nyrhlary indi on aý çemesi wagt bäri ýokarlanýar, ýöne bu ýokarlanma garaşsyzlygyň 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda has çaltlaşana we ýurduň bazarlaryndaky harytlaryň bahasynyň gymmatlamagyna görnetin täsir ýetirene meňzeýär.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygy Hudaýberdi Orazow Türkmenistanyň 1991-nji ýyldaky ýurt garaşsyzlygyna, SSSR-iň beýleki respublikalary bilen deňeşdirilende, «ykdysady taýdan iň bir güýçli respublikalaryň biri bolup girendigini» aýdýar.
Orazow Türkmenistany ykdysady taýdan iki gözi hem görmeýän sürüjiniň sürýän maşynyna deňeýär we ýurduň geçen 25 ýylda ösmän, ýyl-ýyldan pese düşendigini aýdýar. Onuň pikiriçe, bu günki agyr ýagdaýa gelinmeginiň esasy sebäbi hakyky hökümet hasap-hesibiniň bolmazlygy bilen bagly.
Synçylar Türkmenistanyň dollar problemalaryny nebit-gazyň bahasynyň arzanlamagy, Orsýetiň türkmen gazyny almagy bes etmegi, Hytaýa satylýan gazyň bolsa diňe Pekinden alnan karz pullaryň hasabyna gidýändigi, galyberse-de, ýurduň bazar ykdysadyýetine geçmegi yza çekendigi bilen baglanyşdyrýarlar.
Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Brýus Panniýeriň pikiriçe, Türkmenistan gazyň bahasy arzanlanyndan we ýurda girýän altyn puluň möçberi azalanyndan soň hem edýän uly çykdajylaryny, gurýan gymmatbaha gurluşyklaryny azaltmady.
Panniýer Türkmenistan bir tarapdan dollar elýeterliligini çäklendirip, ikinji tarapdan ýurdy açmakdan, azat bazar jemgyýetine ýol bermekden ýüz öwürmek bilen, özüni şu günki ýagdaýa alyp geldi diýýär.
"Türkmen hökümetinde hakyky hasap-hesip ýok"
Ykdysatçy Orazowyň pikiriçe, Türkmenistanda býujet turuwbaşdan formal, kagyz ýüzündäki zat bolup galdy we göz öňünde tutulmadyk iki-üç milliard dollarlyk proektlere, prezidentiň gol çekmegi bilen, uly möçberde pul goýberilip gelindi.
Ykdysatçy Orazow Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hasap-hesip işiniň Saparmyrat Nyýazowyň prezidentlik eden ýyllarynda ikinji, üçünji orna süýşürilendigine delil getirip, şol ýyllar Goranmak ministrliginiň hasabyndaky ýaraglaryň bahasynyň, ýene bir topar zadyň hasapdan daşarda saklanandygyny, gizlinlik, ýapyklyk sebäpli hiç zady anyk bilip bolmaýandygyny aýdýar.
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygynyň tassyklamagyna görä, ýurtda dollaryň erkin söwdasyny çäklendirmek we zor bilen resmi kursy saklamak çäreleri diňe dollara ygtyýary bolan adamlaryň has köp ogurlyk etmegine ýol açýar.
Şol bir wagtda ýurtda dollar gytlygynyň döremegi saglyk edaralaryna daşary ýurtlardan getirilýän dermanlaryň käbiriniň gutarmagyna, netijede käbir analizleriň edilmezligine getirýär diýen maglumat hem bar. Ýöne bu habary resmi çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.