Demirgazyk Owganystanda göknar köp ekilýär

Illýustrasiýa

Bu ýyl Demirgazyk Owganystanda neşe önümi has artypdyr. Öň göknar öndürilmeýän welaýatlarda hem bu ýyl göknar köp ekilipdir.

Göknar önümine garşy göreşiň netijeli bolmandygyny resmiler aýdýar. Munuň Şol pursatdan peýdalanan halk öz ýerine göknar ekipdir.

Owganystanyň neşelere garşy göreş boýunça ministri hanym Salamat Azimi golaýda Demirgazyk Owganystanda saparda bolýar. Ministr 9-njy noýabrda Mazary-Şerif şäherinde maslahat geçirdi. Ol şol ýerde eden çykyşynda, Demirgazyk Owganystanda neşe önüminiň 43 % artandygyny aýtdy.

– Demirgazyk Owganystanyň bäş welaýatynda göknar önüminiň köp mukdarda ekilendiginiň şaýady bolýarys. Geçirilen derňewler Fraýap, Jöwüzjan, Serpul, Balh we Semengar welaýatynda geçen ýyllara garanda, bu ýyl neşe önüminiň artandygy belli boldy. Bäş welaýatyň hemmesinde diýen ýaly göknar öndürilipdir. Soňky wagtlarda Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleri ýaramazlaşdy. Döwlet häkimiýetiniň ýok ýerlerinde, neşe maddasy köp öndürilýär. Bu ýagdaý bizi howatyrlandyrýar – diýip, ministr hanmy Salamat Azimi aýtdy.

Demirgazyk Owganystanda türkmenler we özbekler kowçum bolup ýaşaýar. Türkmen obalarynda öň göknar öndürilmeýärdi. Ýöne indi türkmenlerem göknar öndürip başlapdyr. Aýgül daýza-da öz ýerine göknar ekendigini gürrüň berdi.

– Hemme halk ýerine göknar ekdi, menem ýarym gektar ýerime özüm üçin bolar diýip göknar ekdim. Muny edýänime 10-15 ýyla bolandyr. Keselden öwrendim men-ä. Demigysmadan. Demim gysanda neşe çekseň goýar diýdiler, şondan öwrendim.

Owganystanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň mälim etmegine görä, ýurtda neşekeşlige uçranlaryň sany hem artypdyr. Neşekeşlik owgan türkmenleriniň arasynda-da bar. Emma neşekeşleriň bejergi alar ýaly saglyk merkezleri ýok.

Ýaşlardanam neşe belasyna ýoluganlar bar. Akmuhammet bir bölek ýerine göknar ekipdir.

– Halk ekdi, bizem ekdik. Bizem gurak galmaly, öz iýjegimiz-ä bolar diýdik. O bir 4-5 kilo çykar diýip umyt bar. Onça çyksa, satmasak özlerimize-hä bolar.

Gurbannazar hem iki kölçe ýerine göknar ekipdir. Ol neşekeşligiň saglyga zyýanlydygyny aýtdy. Şoňa garamazdan, günde iki wagt tirýek çekmäge özüniň mejburdygyny Gurbannazar aýtdy.

– Köp ekilse, bu arzan bolýar. Ynha, men dört joýa gowrak ekdim. Bir günde iki çeksek dagy bolýar. Saglygymyza-da seredýän, az-owlak öňkülerden pese-hä düşýäris. Şundan görýäris ony, başga zatdan göremizok.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Demirgazyk Owganystanda göknar köp ekilýär