Daşoguz welaýatynyň Özbegistan bilen serhedinde ýaşaýan Mehriban gelin indi bäş ýyla golaý wagt bäri adamsyny we ogluny görüp bilmeýändigini aýdýar. 35 ýaşyndaky gelin muňa özbek-türkmen serhediniň golaýyndaky ilat üçin ýeňilleşdirilen wiza düzgüniniň ýatyrylmagynyň sebäp bolýandygyny gürrüň berýär.
“Mundan ozal Özbegistanyň, Türkmenistanyň [serhet ýakadaky ilatyna] hiç hili wizasyz üç gün geçmäge rugsat berilýärdi. Şol sebäpli Özbegistanyň raýaty adamym her aýda Türkmenistana arkaýyn gelip bilýärdi. Bu düzgüniň ýatyrylmagy bilen adamym we oglum ýurda gelip bilmeýär. Bäş ýyl bäri ogluma zar boldum” diýip, Mehriban Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, adamsy Türkmenistanyň raýatlygyny alyp, Daşoguzda iş tapmak üçin köp tagalla eden bolsa-da, onuň bu synanyşyklary başa barmandyr.
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhetýaka regionlarynyň ýaşaýjylaryna ýeňillikli syýahat mümkinçilikleri döredilip, olar goňşy ýurda her aýda üç gün möhlet bilen wizasyz geçip bilýärdiler.
Şahsyýeti kemsidiji soraglar
Bu düzgün 2013-nji ýylyň güýzünde ýatyrylandan soň, serhet ýakalaryndaky adamlar Türkmenistanyň demirgazyk goňşusyna gidip gelmek üçin, 10 günlük wizany almaly bolýarlar.
Emma adamlar 10 günlük bu wizany almak üçin resminamalaryň ençemesini taýýarlap, soňra-da Aşgabada birnäçe gezek gidip gelmek üçin hem wiza töleginden başga-da, ýüzlerçe manat çykdajy etmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
Mundan daşgary hem, migrasiýa gullugynyň işgärleriniň adamsy özbegistanly gelinlere berýän şahsyýeti kemsidiji soraglaryna hem döz gelmeli bolýarsyň diýip, Mehriban gelin gürrüň berýär.
“Resminamalary ýygnamak üçin ençeme edara barmaly bolýarys, bir harpy ýalňyş bolsa-da, hemme zada gaýtadan başlamaly. Olary ýygnanyňdan soňra-da, Aşgabada birnäçe gezek baryp gelmeli, ýol harajatlaryň $170 möçberindäki wizadan has gymmada düşýär. Ondan başga-da, migrasiýa gullugynyň işgärleriniň “Näme üçin özbege durmuşa çykdyň? Ol ýerde näme işlejek bolýaň?” diýen ýaly kemsidiji sözlerini eşitmeli bolýarys” diýip, Mehriban aýdýar.
Ýüzlerçe maşgala
Türkmen-özbek serhediniň ýakasyndaky adamlar üçin ýeňilleşdirilen wiza düzgüniniň ýatyrylmagy zerarly öz dogan-garyndaşlaryny görüp bilmeýän ýa-da olaryň ýasyna, toýuna wagtynda gatnaşyp bilmeýän ýüzlerçe maşgala bar.
Ýakynda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan we Özbegistandan Türkmenistana gelin bolup düşen Dilobar gelin ýeňilleşdirilen wiza düzgüniniň ýatyrylmagy sebäpli öz ejesini soňky ýoluna ugratmak üçin, atasy öýüne wagtynda baryp bilmändigini gürrüň beripdi.
Ýeri gelende ýatlatsak, 2004-nji ýylyň noýabr aýynda Buharada iki döwletiň prezidentleri duşuşanlarynda, “Raýatlaryň özara gatnaşyklary we serhet ýakasyndaky welaýatlarda ýaşaýan raýatlara ýeňilleşdirilen gatnaw tertibi” dogrusynda hökümetara ylalaşyga gelnipdi.
Emma ýokarda hem belleýşimiz ýaly, 2013-nji ýylda türkmen-özbek serhediniň golaýyndaky adamlara niýetlenen ýeňillikli wiza režimi ýatyrylypdy. Bu ädimiň sebäpleri we munuň haýsy tarapyň islegi boýunça edilendigi barada hiç hili maglumat berilmedi.