Aşgabadyň käbir sebitlerinde ýykylan “pristroyka” galyndylary ençeme aýlap arassalanmaýar. Ýatladyp geçsek, indi üç ýyla golaý wagt bäri paýtagtyň köp gatly jaýlaryna gurlan goşmaça otaglary, il içinde aýdylyşy ýaly “pristroýkalary” ýykmak çäresi dowam edýär.
Ýerli Öý dolandyryş edarasynyň käbir resmileri munuň sebäplerini tehnikanyň, işçileriň ýetmezçiligi bilen düşündirýärler.
Azatlyk Radiosy bu barada Aşgabatdaky habarçysy Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar