Türkmenistanda prezidentlige dalaşgärleriň kampaniýasy başlanýar

Aşgabat, prezidentlige kandidatlar baradaky maglumatlar, 7-nji fewral, 2012 ý.

Türkmenistanyň saýlawlary we sala salyşlyklary geçirmek baradaky Merkezi komissiýasy 24-nji oktýabrda prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky saýlaw kampaniýalarynyň başlanýandygyny yglan etdi.

Bu barada 22-nji oktýabrda türkmen metbugatynda habar berildi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň mejlisinde prezident saýlawlaryna ýurduň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilçiligindäki ýerli synçylaryň, şeýle-de daşardan çagyrylan halkara synçylarynyň we ekspertleriniň syn etjekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň saýlaw wagtynda ýurt çäginden daşarda boljak raýatlary üçin daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda ses beriş uçastoklary dörediler.

Öňde duran saýlawlar 2012-nji ýylyň fewralynda geçirilen prezident saýlawlaryndan başgarak şertlerde geçiriler.

2016-njy ýylyň 14-nji sentýabryndan bäri Türkmenistanda täze Konstitusiýa, ýagny onuň rejelenen we düzedilen görnüşi hereket edýär.

Baş kanuna girizilen düzedişlere laýyklykda, prezidentlik möhleti ozal bäş ýyl bolanlygyndan 7 ýyla çenli uzaldyldy we kandidatlaryň, prezidentlik ugrunda bäsleşjek dalaşgärleriň ozal 70 ýaş diýlip görkezilen aňry ýaş çägi aýryldy.

Bu ýagdaý 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek saýlawlara 70 ýaşdan geçen raýatlaryň hem gatnaşyp biljekdigini görkezýär.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatda öňünden habar berilmegine görä, geljek ýylyň prezident saýlawlaryna üç syýasy partiýanyň – Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, şeýle-de täze döredilen Agrar partiýanyň wekilleri gatnaşar.

Bu partiýalaryň üçüsi hem häzirki prezident G.Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyny ýakyndan goldaýan partiýalar bolup durýar.

Türkmenistanyň iş başyndaky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyna 2006-njy ýylyň aýagynda, ozalky ömürlik prezident S.Nyýazow tarpa-taýyn ýogalandan soň geldi.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylda geçirilen prezident saýlawlarynda 89,23 prosent ses alandygyny, 2012-nji ýylda bolsa 97,14 prosent ses alyp, gaýtadan prezident saýlanandygyny yglan etdi.

Türkmen režiminiň tankytçylary, hususan-da Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublikan partiýasy Berdimuhamedowy konstitusiýany öz haýryna üýtgedip, ömürlik prezident bolmaga synanyşmakda aýyplaýar.

Emma muňa garamazdan, prezident Berdimuhamwedow Türkmenistan "demokratiýanyň röwşen ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar" diýip hasaplaýar.