Türkmenistanyň dükanlarynda diňe bir şeker gytalmady. Teke bazarda şekeriň uzyn nobatlary döreýär, emma olary derrew dargadýarlar diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.
Daşary ýurtlardan getirilýän günebakar ýagy we ýurt içinde öndürilýän pagta ýagy hem ýitirim boldy.
Teke bazarda iki çüýşeden «Ahal» ýagy berilýär. Birki günlükde ýurt içinde öndürilen towuk eti 11 manatdandy. 9-njy awgusta çenli ol 9 manatdan satyldy. Emma eýýäm 12-14 manatdan satylýar. "Bahalar başyna gitdi. Adamlaryň arasynda howsala köpelýär" diýip, ýerli çeşme habar berdi.
Azatlyk radiosy bu gytçylyk we onuň mümkin bolan sebäpleri, şeýle-de azyk bolçulygyny döretmegiň mümkinçilikleri barada aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar