Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Döwlet dükanlarynda şeker, ösümlik ýagy tapdyrmaýar”


Türkmenistandaky dükanlaryň biri.
Türkmenistandaky dükanlaryň biri.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda käbir azyk önümleriň ýeterlik derejede satylmaýandygy habar berilýär. Maglumata görä, döwlet dükanlarynyň tas ählisinde diýen ýaly şeker, ösümlik ýagy, un ýaly önümler irden satylyp, öýlän arakesmeden soň satylmaýar.

Käbir ýerli synçylar munuň bir sebäbini tomus paslynyň ahyryna mürepbe ýapýan ýaşaýjylaryň köpelmegi bilen düşündirseler, beýleki sebäbini ýurtdaky ykdysady ýagdaý bilen baglanyşdyrýarlar.

Biz bu ýagdaýyň jikme-jiklerini Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýewden gürrüň bermegi soradyk.

“Döwlet dükanlarynda şeker, ösümlik ýagy tapdyrtmaýar”
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:34 0:00

XS
SM
MD
LG