Belarusyň charter97.org neşiri Soligorsk magdançylarynyň mejbury ýagdaýda Türkmenistana iberilýändigini habar berýär.
Neşiriň «Belaruskaliý» açyk aksioner jemgyýetinde işleýän okyjysynyň beren maglumatyna görä, «Belarukskaliniň» ýolbaşçysy I.I. Golowatyý geçen hepde magdan dolandyryş kärhanasynyň işçileri bilen tapgyrlaýyn duşuşyk geçirip, başga meseleler bilen bir hatarda, Garlyk dag-magdan baýlaşdyryş kombinatyny ulanmaga bermegiň problemalary barada hem durup geçipdir.
Baş direktoryň aýdan sözlerinden çen tutulsa, ýakyn geljekde Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň işe girizilmegini we soňra işledilmegini üpjün etmek üçin «Belaruskaliý» açyk aksioner jemgyýetiniň ýönekeý işgärleriniň, wahta usulynda, Türkmenistana iberilmegi baradaky meselä serediler.
Mundan öň Belarus Türkmenistany Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň gurluşygy boýunça boýun alan maliýe borçlaryny ýerine ýetirmezlikde aýyplapdy.
Belarusyň Respublika geňeşiniň başlygy Mihail Mýasnikowiçiň türkmen ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen duşuşykda aýdan sözlerine görä, Garlykda belarus işçilerine diňe maliýe päsgelçiligi däl, subýektiw häsiýetli bökdençlikler hem döredilýär.
Emma Aşgabat Garlykda gurulýan kombinatyň ulanyşa berilmeginiň gijikmeginde Minsk tarapyny günäledi we Belarusyň premýer-ministriniň orunbasary Anatoliý Kalininiň ýolbaşçylygyndaky delagasiýanyň öňünde kombinatyň türkmen işçilerine tölenmeli aýlyklaryň gijikdirilmegi we beýleki problemalar barada anyk faktlary keserdip goýdy.
Charter97.org neşiriniň maglumatyna dolanyp gelsek, «Belaruskaliniň» baş direktory işçilerden Türkmenistandaky proekti işi girizmek bilen bagly dörän kyn ýagdaýa düşünmegi haýyş edipdir. Işçiler bilen geçirilen duşuşyklardan belli bolşuna görä, Soligorskiniň döwlet dag-himiýa kollejinde bilim alan türkmen raýatlary beýle bir işlemek islemeýär.
Has beteri, Soligorsk şäherinde hökümetara ylalaşyk esasynda okan ýaş türkmenler watanlaryna dolanmaga hem göwünjeň däl diýip, habarda aýdylýar.
«Olar, ýagny türkmenler üçin Belarusdaky durmuş belaruslar üçin Germaniýadaky durmuş ýaly» diýip, charter97.org neşiriniň okyjysy ýazypdyr.
Mundanam başga, Belarusdan Türkmenistana iş saparyna iberiljek işçilere beriljek iş haklarynyň bu proýektiň başlangyç tapgyryndaky ýaly köp bolmajakdygy aýdylýar. Has anygy, işçileriň aýlyklary «Belaruskaliý» açyk aksioner jemgyýetiniň hasabyna töleniler.
Türkmenistanyň Garlykdaky kaliý duzlarynyň bazasynda gurulmagy planlaşdyrylan 1 milliard dollarlyk kombinat, «Türkmenhimiýa» we «Belgorhimprom» kärhanalarynyň arasynda baglaşylan şertnama görä, aslynda 2015-njy ýylda gurlup gutarylmalydy.
Soňky maglumatlara görä, eger gurluşygy 2017-nji ýylyň martynda tamamlansa we işe girizilse, Garlykdaky kombinat ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürer.