Aşgabatda şeker satylmaýar, welaýatlarda azyk gymmatlaýar

Paýtagtda käbir azyk önümleriniň tekjelerden ýitirim bolup başlamagy bilen birlikde, Daşoguzda iýmit önümleriniň bahasy tas iki esse çemesi gymmatlady.

Bu günler Aşgabadyň dükanlarynda şeker tapdyrmaýar. Häzir paýtagtda «Marynyň şekeri» diýlip tanalýan Türkmenistanyň özünde öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän şekerleriň hiç biri satuwda ýok.

Paýtagtyň «Howdan» massiwindäki Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň «Türkmenabat» dükanynyň söwdagäriniň beren maglumatyna görä, 1 kilogramy üç manatdan satylan ýerli we 1 kilogramy 3,5-4 manat aralygynda satylan daşary ýurtdan getirilýän şekerleriň üpjünçiligi mundan 10 gün ozal kesilipdir.

Şol bir wagtda, şekeriň paýtagtyň dükanlarynyň tekjelerinden ýitirim bolmagynyň sebäpleri barada hiç hili maglumat berilmeýär. «Bagtyýarlyk» etrap azyk söwda kärhanasynyň 48-nji dükanynynyň söwdegäri bu mesele dogrusynda özlerine hem düşündirişiň berilmändigini aýtdy.

Ýeri gelende ýatlatsak, şeker söwdasy bilen baglylykdaky bökdençlikler mundan üç aý töweregi öň ýüze çykyp başlapdy. Şol wagtda «Teke bazaryndaky» bassyrmanyň aşagynda satylýan şekere her adam başyna 2 kilogram möçberinde çäklendirme girizilipdi. Edil häzirki ýagdaýda hem bolşy ýaly, häkimiýetleriň bu ädiminiň sebäpleri dogrusynda hiç hili maglumat berilmedi.

Şekeriň satuwdan aýrylmagynyň ýerli ýaşaýjylara-da ýaramaz täsir ýetirendigine üns çekilýär.

“Käbir dükanlarda Orsýetden getirilen gant bar. Onuň ýarym kilosy 4,5 manat. Munça pul berip, ony almaga ýagdaýymyz ýok” diýip, 40 ýaşlaryndaky öý hojalykçy Aýgül daýza gürrüň berýär.

Bu aralykda, Aşgabadyň dükanlarynyň tekjelerinden şeker bilen birlikde “Ahal” ýagy hem ýitirim boldy.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, türkmen häkimiýetleri paýtagtda şeker bilen ýagyň dörän ýetmezçiligi, şeýle-de bu ýagdaýlaryň sebäpleri dogrusyda ilat köpçüligine hiç hili maglumat bermeýärler. Azatlyk Radiosynyň degişli resmilere çykyp, maglumat almak synanyşyklary-da netije bermedi.

Azyk gymmatlaýar

Paýtagtda käbir azyk önümleriniň tekjelerden ýitirim bolup başlamagy bilen birlikde, ýurduň beýleki künjeklerinde iýmit önümleriniň bahasy tas iki esse çemesi gymmatlady.

Köneürgenjiň bazarynda mundan bäş aý ozal 23 manatdan satylan günebakar ýagy häzir 41 manatdan satylýar; Aşgabatdan tapawulylykda, bu ýerde şeker bar hem bolsa, onuň bahasy ozal üç manat bolsa, häzir ol 8 manada ýetdi; bäş aý öň bir litri 2,5 manada satylan Türkmenistanda öndürilen pagta ýagyna hem häzir 6 manat nyrh kesgitlenýär.

Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi Mekan Täşliýew azyklaryň nyrhlarynyň günsaýyn artmagy ýerli ýaşaýjylarda belli bir howatyrlanmalary hem döredip başlandygyna üns çekýär: (Ol şeýle diýdi)

“Adamlaryň köpüsi gorky we howatyrlanma içinde. Olar [nyrhlaryň näme sebäpden ýokarlanyp barýandygyna] düşümeýärler. Adamlar hatda bir harydyň bahasyny hem soramakdan çekinýärler”

Daşoguzly beýleki bir ildeşimiziň biri Miwe şu gün bazara baryp, aljak harytlarynyň ýarpysyny hem alyp bilmän gaýdandygyny aýtdy.

“Ýaňy bazardan ýag alyp bilmän gaýtdym. Nyrhlar gaty gymmat. Indi agşam nahary nädip atarjygymy bilemok. Çagalaryň öňünde hem bir zatlary goýmaly ahyryn” diýip, Miwe gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylardan tapawutlylykda, türkmen mediasynda “ýurt bolçulygy”, “azyk howpsuzlygy”, “ykdysady ösüş” diýilýänleriň “delilleri” hökmünde dowamly çykyşlar we reportažlar görküzilýär. Emma daşoguzly Miwe hakykat ýüzünde işleriň düýbünden başgaçadygyny aýdýar: “Biz-ä üç aýdan bäri ‘bolçulyk’ diýilýän zady göremzok. ‘Aýlygymy aldym’ ýa-da ‘bazardan gerekli zadymy alyp bildim’ diýýän adama duşmadyk. Üç aýdan bäri horlukda ýaşaýarys. ‘Bolçulykda ýaşaýarys’ diýýänler hem prezidentden gorkup aýdýan bolaýmasa”.

Sözümiziň ahyrynda ýatlatsak, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlaryna goýberilýän milliardlarça pul serişdeleriniň fonunda, ýurduň dürli künjeklerinde aýlyklaryň wagtynda berilmeýändigi, şeýle-de durmuş we azyk harytlarynyň nyrhlarynyň ýokarlanýandygy barada dowamly maglumatlar gelip gowuşýar.