Eýranyň türkmen gazyna zeruryýeti ‘aradan aýryldy’

Illýustrasiýa

Eýranyň türkmen gazyny import etmek zerurlygy aradan aýryldy diýip, Eýranyň Nebit ministriniň orunbasary Hamidreza Eragi aýdýar.

“Mehr” habar agentliginiň 3-nji oktýabrda çap eden maglumatyna görä, Eragi bu barada 2-nji oktýabrda Tähranyň Söwda edarasynyň Energiýa komissiýasynyň duşuşygynda eden çykyşynda belledi.

Eýran resmisi Türkmenistan bilen tebigy gaz pudagy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada gepleşikleriň geçirilendigini mälim etdi diýlip, Eýranyň döwlete degişli däl neşirinde nygtalýar.

“[Türkmen resmileri] bilen geçirilen soňky gepleşikleriň çäginde, Eýranyň özüniň içerki gaz zerurlyklaryny ödemäge mümkinçiliginiň bardygyny mälim etdik. Şeýle-de, biz Türkmenistana häzir Eýranda tebigy gaz ýetmezçiliginiň duýulmaýandygyny we türkmen gazyny import etmek zerurlygynyň ýokdugyny aýtdyk” diýip, “Mehr” agentligi Eraginiň sözlerinden sitata getirýär.

$30 milliard möçberinde

Emma maglumatda türkmen resmileri bilen gepleşikleriň haçan geçirilendigi, onda Eýranyň Türkmenistandan satyn alýan gazyny duruzyp-duruzmajakdygy ýa-da onuň mukdaryny kemeltmek ähtimallygynyň göz öňünde tutulyp-tutulmaýandygy barada anyk maglumat berilmeýär.

Şu ýylyň iýun aýynyň ahyrynda, Eýranyň Nebit ministrliginiň wekili Mohammad Taki Amanpour “öňümizdäki on ýylyň dowamynda Eýranyň Türkmenistandan $30 milliard möçberinde tebigy gazy import etjekdigini we munuň inženerçilik önümleriniň öwezine amala aşyryljakdygyny” aýdypdy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan öz tebigy gazyny üç ugur boýunça – Hytaýa, Russiýa we Eýrana – akdyrýar. Häzirki wagt türkmen gazynyň esasy bölegi Hytaýa akdyrylyp, onuň möçberi ýylda 30 milliard kub metre barabar.

Hytaýa akdyrylýan türkmen gazynyň bahasy ortaça 10 milliard amerikan dollaryna barabar bolup, käbir ekspertler bu tölegiň aglabasynyň Türkmenistanyň Hytaýdan alan karzynyň hasabyna amala aşyrylýandygyny aýdýarlar.

Russiýanyň Türkmenistandan alýan gazy

Eýran resmisiniň Tähranyň türkmen gazyny import etmek zerurlygynyň aradan aýrylandygy barada eden çykyşy, Russiýanyň gazyň bahasy bilen baglanyşykly dörän meseleler sebäpli, türkmen gazyny 2019-njy ýyla çenli satyn almajakdygyny mälim etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Şu ýylyň sentýabr aýynda “Gazprom” türkmen tebigy gazyny 2018-nji ýylyň aýagyna çenli satyn almaz we şu aralykda baha dawasyna çözgüt tapmaga synanyşar” diýip, “Kommersant.ru” neşiri bu kompaniýanyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedewe salgylanyp habar berdi.

Mundan öň, ýagny 2015-nji ýylyň başynda resmi Aşgabat “Gazpromy” “Türkmengaz” döwlet konsernine alan gazy üçin bermeli bergilerini bermezlikde aýyplady.

Sözümiziň ahyrynda aýtsak, Eýranyň resmileriniň eden çykyşy barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda halk köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.