Türkmenistanyň “pulsuz” we “işlemeýän” bankomatlary

Bankomatyň işlemeýändigi barada bildiriş asylypdyr.

Gökdepeli Bäşim sosial ulgamlar arkaly Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, öz ýaşaýan etrabyndaky “Daýhanbankyň” bölüminde plastik kartyny ulanyp, bankomatdan pul aljak bolanda, oňaýsyz ýagdaýy başdan geçirendigini gürrüň berdi.

Bäşimiň sözlerine görä, ol banka baranda bankyň öňünde onlarça adamdan ybarat nobat bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Gökdepeli ildeşimiz adamlaryň, bankomatda puluň gutarandygy sebäpli, ençeme sagatdan bäri bankyň öňüni “garawullap” durmaly bolandyklaryna şaýat bolandygyny aýdýar.

Sözümiziň şu ýerinde ýatlatsak, Türkmenistanda indi hökümet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklary olaryň şahsy plastik kartlaryna geçirilýär we adamlar indi alýan aýlyklaryny diňe bankomatlarda nagtlaşdyryp bilýärler.

“Ýaňy ýakynda ahyry iki aýyň aýlygy berildi. Bankomatdan pul çekdirjek bolup barsam, meniň ýaly onlarça adam hem kartyndan pul aljak bolup, bankomatyň öňüni garawullap duran eken. Nobatdakylar bankomatdaky puluň mundan 3 sagat ozal gutarandygyny, bank resmileriniň hem günüň dowamynda oňa gaýtadan puluň goýuljakdygyny söz berendiklerini gürrüň berdiler” diýip, Bäşim habar berdi.

Bäşim nobatda ýene-de iki sagat garaşandan soň, iş gününiň ahyrynda, bankomata puluň salnandygyny, emma ahyrsoňy öz nobaty ýetende, ýene-de bir oňaýsyzlyga uçrandygyny aýdýar.

Sandan çykan bankomat. Gökdepe

“Nobatym ýetip, kartymy bankomata salan pursadym onuň ýüzi gök reňk bolup, soňy bilen aslam öçdi. Kartym hem içinde galdy, ähli düwmelere basyp çyksam-da, hiç hili netije bolmady. Habarymy ýetireýin diýsem, iş güni gutarany sebäpli, bankda hem hiç kim ýokdy; garawul hem çykmady” diýip, Bäşim ”Daýhanbankyň” Gökdepedäki bölüminde başyna düşen hadysany suratlandyrýar.

Bäşim ýene-de 3 sagat töweregi garaşandygyny, emma ne bankomatyň işläp başlandygyny, ne-de ondan kartyny alyp bilendigini, şeýdibem bialaç eli boş yzyna gaýtmaly bolandygyny aýdýar.

Türkmenistanda aýlyklaryň şahsy plastik kartlara geçirilip başlanmagy bilen, Bäşimiňki ýaly güne düşen türkmenistanlylardan Azatlyk Radiosyna ýygy-ýygydan hat-habarlar gelip gowuşýar. Olarda ildeşlerimiz Türkmenistanda banklaryň we şahsy plastik kartlaryň işleýşinden öz dowamly nägileliklerini bildirýärler.

Adamlar, bir tarapdan, ýurduň käbir şäherlerinde ýa-da etraplarynda bankomatlaryň kadaly işlemeýändiginden, olarda aglaba ýagdaýda puluň ýokdugyndan zeýrenseler, beýleki tarapdan, olaryň sanynyň azlygyndan we pul almak üçin onlarça kilometr söküp, ýörite etrap merkezlerine gitmeli bolýandyklaryndan şikaýat edýärler.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gelip gowuşýan maglumatlara görä, Daşoguz welaýatynda bir adamynyň bankomatdan bir gezekde çekip bilýän puluna hem 100 manat möçberinde çäklendirme girizilipdir.

Ýaşaýjylar plastik kartlaryna geçirilen aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmeýändiklerini, şeýle-de bankomatdaky kemçilikler bilen baglylykdaky bank we häkimlik resmilerine eden arzalarynyň netije bermeýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň bu mesele boýunça Türkmenistanyň degişli bank ulgamlaryndan nähilidir bir maglumat almak synanyşyklary hem netije bermedi.