Daşoguzda gurluşyk harytlary gymmatlady

Köneürgenjiň “Ak bazarynda” 2015-nji ýylda 10-lyk diametrli armaturyň bir metrine 2 manat soralan bolsa, häzir oňa 5 manat nyrh kesilýär.

Daşoguz welaýatynda gurluşyk harytlary göz-görtele gymmatlap, häzir geçen ýyl bilen deňeşdirilende bahalaryň arasynda 75-90% çemesi tapawudy görse bolýar.

Mysal üçin, Köneürgenjiň “Ak bazarynda” geçen ýyl metal şiferiň bahasy 300 manat bolan bolsa, häzir ol 550 manada çykdy; ozal 125 manada duran 5 metrlik tagta häzir 250 manada satylýar; 2015-nji ýylda 10-lyk diametrli armaturyň bir metrine 2 manat soralan bolsa, häzir oňa 5 manat nyrh kesilýär.

Garaz, ýurduň demirgazyk welaýatynda esasan daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň tas ählisiniň diýen ýaly bahalary galdy. Nyrhlaryň artmagy bilen birlikde söwda nokatlarynyň tekjelerinde gurluşyga degişli harytlaryň sanawy hem kemelýär.

Bu ýagdaýlaryň hem jaý gurmakçy ýa-da ýaşap oturan tamyny remont etmekçi bolýan hojalyklara ykdysady taýdan juda ýaramaz täsir edýändigi aýdylýar.

“Geçen ýyl ini dört, boýy alty metrlik bir otagly jaýyma pol düşetmek üçin zerur bolan tagtany bahaladypdym. Şol wagt 1 müň 100 töweregi manat bolupdy. Pul toplap zerur materiallary soňra alaryn diýip, goýupdym. Geçen hepde bazara barsam, şol bir möçberdäki materiallar üçin 2 müň 500 manat soradylar. Indi jaýymy oňartmak işinden doly el çekäýmeli boldy” diýip, daşoguzly ildeşlerimiziň biri özüniň düşen ýagdaýyny gürrüň berdi.

Gurluşyk harytlarynyň bahalarynyň birdenkä ýokarlanmagy ýurtda dollar söwdasyna girizilen gadagançylyk we munuň netijesinde gara bazardaky dollaryň bahasynyň artmagy bilen baglanyşdyrylýar.

“Biz harytlary daşary ýurtdan dollara satyn alyp getirýäris. Hökümetden dollary satyn alyp bolmaýar; gara bazardan tas iki esse nyrhyny töläp alýarys. Bahany hem şoňa görä kesgitleýäris” diýip, özüni Babajan diýip tanyşdyran ýerli söwdagärleriň biri gürrüň berýär.

Babajan harytlaryň bahalarynyň artmagy bilen oňa bolan talabyň hem azalandygyny, indi öz söwda nokadyny-da ýapmaly boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Eýýäm näçe aýdyr söwda ýok. Girdejiden-ä geçdik, zyýana galyp başladyk” diýip, Babajan zeýrenýär.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasyna girizilen gadagançylykdan soň, dollaryň gara bazary täzeden janlanyp, diňe bir gurluşyk harytlarynyň däl, eýse azykdan başlap egin-eşigiň bahalaryna çenli ýokarlanandygy baradaky habarlar gelip gowuşýar.

Resmi kursa görä bir dollar 3,50 manat diýip kesgitlense-de, bir dollaryň gara bazardaky nyrhy 6 manada çenli ýetýär.

Galyberse-de, türkmen mediasynda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde harytlaryň, şol sanda Daşoguzdaky gurluşyk materiallarynyň hem barha gymmatlap barýandygy, şeýle-de bu ýagdaýlaryň ýaşaýjylara ýetirýän täsirleri barada kelam agyz-da söz aýdylmaýar.