Daşoguz: Mugallymlaryň sowup bolmaýan aýlyklary

Türkmenistandaky bankomat

Daşoguzly başlangyç klas mugallymy Gülnaryň (ätiýaçdan ady üýtgedildi – red.) iki aý gijikdirilen zähmet haky ahyrsoňy ýaňy-ýakynda berildi. Emma muňa garamazdan, Täze ýap daýhan birleşiginiň 16-njy mekdebinde işleýän 26 ýaşly Gülnar mugallym iki hepde mundan ozal berlen iýunyň we iýulyň aýlygyny iş ýüzünde henizem eline alyp bilenok.

Bu hem Türkmenistandaky hökümet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň banklaryň üsti bilen tölenip, zähmet haklarynyň ýörite plastik kartlaryna geçirilip başlanmagy bilen baglanşykly. Täze düzgüne görä, işgärler öz plastik kartlaryna geçirilen aýlyklaryny diňe bankomatlaryň üsti bilen nagt pula öwrüp alyp bilýärler. Emma Gülnar öz obasynda bankomatlaryň asla ýokdugyny, munuň üçin onlarça kilometr ýol söküp, etrap merkezine gitmeli bolýandygyny aýdýar. Ýöne ýaş mugallym soňky iki hepdäniň dowamynda her gün etrap merkezi Köneürgenje gatnasa-da, bankomatdan pul alyp bilmändigini gürrüň berýär.

Gülnar bankyň öňündäki bankomatlara baran mahaly “pul ýok” diýen bildiriş bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdýar.

Gülnar sosial ulgamlar arkaly Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde “Nobatyň ir sagat 10-a çenli ýetmese, bankomatdaky pul gutarýarmyş. Indi gije ýatymlyk geläýmesem” diýip, bu ýagdaý bilen bagly öz pikirini mälim edýär.

Şol bir wagtda, Gülnaryň maglumatlaryndan çen tutsaň, onda ‘bagtyň çüwüp’, bankomatda pul gutarmanka nobatyň ýetäýse-de, 100 manatdan artyk nagt alyp bolmaýar.

“Bankomatyň öňünde ýörite polisiýa işgärini goýupdyrlar. Ol puly nagtlaşdyrmakçy bolýanlaryň 100 manatdan artyk almazlygy üçin gözegçilik edýär” diýip, başlangyç klas mugallymy Gülnar adýar.

Gülnar bu ýagdaýlardan arz edip, bank işgärlerine ýüzlense-de, her gezekde “pul gutardy, irräk geliň” ýa-da “bary şu” diýen jogaplary alýandygyny aýdýar.

Eýýäm ençeme aý pulsuzlykdan kösenýän Gülnar aýlygy geçirilen plastik kartynyň tölegiň beýleki görnüşleri üçin peýdasyzdygyny, ony başga hiç ýerde ulanyp bolmaýandygyny aýdyp, “başlaryny çaramak üçin” howlularyndaky mal-garalaryny satyp başlandyklaryny aýdýar.

“Näçe aýdyr aýlyklarymyzy sakladylar, indi geçirilenden soň hem onuň hözirini görüp bilmeýäris. Adam pahyr bir iýmelidirim-ä?! Üç aýdyr, dükana ýazdyryp, karzyna azyk aldyk. Indi bolsa hojalygymyzdaky iki sygryň birini satdyk. Mundan beýläk nädip ýaşamalyka?” diýip, Gülnar sosial ulgam arkaly öz kyncylyklaryny beýan edýär.

Demirgazyk welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Türkmenistan daýhan birleşiginden Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan başga bir mugallymlar maşgalasy aýlyk haklaryny alyp bilmeýändikleri sebäpli öz dokuz çagaly hojalyklarynyň agyr günleri başdan geçirýändigini gürrüň berýär.

“Men we maşgalam – Güljan bar ömrümizi mugallymçylyga berdik. Kartymyza geçirilen puldan diňe 200 manat alyp bildik. Bu maşgalamyzyň iýjek çöregine hem ýetmeýär ahyryn. Üç gezek häkimlige arz etsegem, netije bolmady. Gaýtam ‘arz etmegiňi goýmasaň, işiňden boşadarys’ diýip haýabat atdylar” diýip, 60 ýaşlaryndaky Berdi aga gürrüň berdi.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosyna Gülnaryňky we Berdi aganyňky ýaly güne düşen Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki, dürli wezipelerdäki ildeşlerimizden dowamly hatlar gelip gowuşýar. Käbirleri aýlyklarynyň ençeme aýlap berilmeýändiginden zeýrense, beýlekileri plastic kartlara geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýändiklerini gürrüň berýärler.

Azatlyk Radiosy bu beýan edilen meseleler boýunça Türkmenistanyň degişli maliýe edaralary bilen habarlaşsa-da, hiç hili degerli magumat alyp bilmedi.

Şol bir wagtda, ilatyň zähmet haklaryny almak bilen baglylykdaky kynçylyklaryň dowam edýän wagtynda, Türkmenistanda döwlet derejesindäki maslahatlarda, ýurduň ykdysadyýetiniň, emeldarlaryň sözleri bilen aýdylanda, “pajarlap ösýändigine güwä geçýän”, ýyl-ýyldan artýandygy aýdylýan resmi görkezijiler getirilýär.