Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir kitap ýazdy. Bu onuň şu ýylda okyjylaryna hödürlän altynjy kitabydyr.
Prezident ýanwarda «Paýhas çeşmesi» (nakyllar we atalar sözleri), martda «Çaý melhem we ylham», aprelde «Gadamy batly bedew» (ahal-teke atlary hakynda), maýda «Arşyň nepisligi» (türkmen halyçylyk senedi hakynda), iýulda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 8-nji tomy bilen öz okyjylaryny begendiripdi.
Altynjy kitap ýüze sylynmady
Adatça bolşy ýaly, prezident öz täze kitabyny Ministrler kabinetiniň agzalarynyň üsti bilen bütin türkmen halkyna buşlady. Ýöne bu gezek resmileriň prezidentiň täze kitabyny ýüze sylyşlary görkezilmedi.
Awtor bu eserde esasan türkmen aýdym-saz sungatynyň ussatlarynyň biri, meşhur sazanda Şükür bagşynyň durmuşy we döredijiligi barada gürrüň edilýändigini aýdýar.
Täze kitap türkmen goşunynyň Garaşsyzlyk baýramçylygyndaky dabaraly harby ýörişde öz goranyş kuwwatyny görkezmäge görýän taýýarlygynyň prezident tarapyndan gözden geçirilmeginiň yz ýanynda çapdan çykarylýar.
Döwlet baştutany, döwlet TW-sinde eşitdirilen sözlerinden çen tutulsa, sazandanyň ömrüne we döredijiligine garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty nukdaý nazaryndan syn salýar.
«Şükür bagşynyň keşbi türkmen halkynyň iň kyn we çylşyrymly meseleleri hem hemişe diňe parahatçylyk ýoly bilen çözmäge çalşyp gelendigini görkezýär» diýip, prezident Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip aýtdy.
Unudylan Saryhanowyň hyzmaty
Şeýle-de ol ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň (1906-1944) milli medeniýetiň we edebiýatyň öňünde bitiren bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlaryny "aýratyn bellemek isleýändigini" aýtdy.
Ýöne awtoryň Şükür bagşy hakynda, Saryhanowyň powestinden başga, haýsy çeşmelerden maglumat toplandygy aýdyň däl.
1929-1937-nji ýyllarda harby žurnalist bolan, 1944-nji ýylyň maýynda nemes faşistlerine garşy uruşda öldürilen Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestiniň 1961-nji ýyldaky neşirinde bu eseriň 20 ýyl çemesi ozal ýazylandygy bellenilýär.
Soň bu eser esasynda «Şükür bagşy» filmi döredildi we ony döredijileriň käbiri garaşsyzlyk ýyllarynyň başynda döwlet sylaglary bilen sylaglandy.
Emma ýerli ýaşaýjylar bu kinonyň görkezilişiniň garaşsyzlyk ýyllarynda örän seýrekländigini, «Şükür bagşy» powestiniň bolsa gaýtadan neşir edilmeýändigini aýdýarlar.
Prezident «Parahatçylyk sazy – dostluk-doganlyk sazy» atly kitabyny ýaşulularyň Aşgabatda geçiriljek maslahatyna gatnaşyjylara sowgat bermek isleýändigini aýdýar.
Berdimuhamedow 2006-njy ýylyň aýagynda häkimiýet başyna geçeli bäri, dürli temalardan 40 çemesi kitap çap etdirdi.
Germaniýanyň "Handelsblatt" neşiri golaýda çap eden makalasynda öňki sowet respublikasy bolan Türkmenistanda «dünýäniň iň bir ýaramaz režimleriniň biriniň höküm sürýändigini, döwlet baştutanynyň adam hukuklary hakynda kän alada etmän, çaý hakynda kitap ýazýandygyny» belledi.