“Sanjar wakalary”, ýagny 2002-nji ýylda şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän waka boýunça günälenip tussag edilenleriň biriniň maşgalasy Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, gyzynyň daşary ýurda okuwa çykarylmaýandygyny aýtdy.
Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanly, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli özüniň we gyzynyň şahsyýetleriniň gizlin tutulmagyny we hakyky atlarynyň üýtgedilip berilmegini haýyş etdi.
Maral daýza 2002-nji ýylda ýoldaşynyň “Sanjar wakalary” bilen bagly tussag edilenden soňra, maşgala agzalarynyň “gara sanaw” diýilýän sanawa goşulyp, Türkmenistanyň daşyna çykmaklaryna gadagançylygyň girizilendigini aýtdy.
Ol, 2011-nji ýylda näresmi çeşmeleriň şol gadagançylygyň indi aradan aýrylandygyny mälim edenlerinden soňra, özüniň ýetginjek gyzynyň – Laçynyň daşary ýurtlaryň biriniň ýokary okuw jaýyna girendigini aýtdy.
Emma Laçyn okuwynyň 1-nji ýylyny tamamlap, dynç alyş möwsüminde yzyna – Türkmenistana gelenden soňra, gaýdyp ýurduň daşyna goýberilmeýär.
Haçanda Laçyn tomusky dynç alyşdan soň okuwyny dowam etdirmek niýeti bilen okaýan ýurduna uçmak üçin aeroporta baranynda, migrasiýa resmileri onuň ýurtdan çykarylmajakdygyny, düşündiriş üçin hem Migrasiýa gullugyna arza bilen ýüz tutup biljekdigini habar berýärler.
Migrasiýa gullugy Laçynyň ýazan arzasyna “ýurtdan çykmak baradaky çäklendirme güýjünde galýar” diýen düşündirişi berýär.
Laçyn indiki ýyl ýene-de Migrasiýa gullugyna ýüz tutup, özüniň okuwyny dowam etdirip bilmegi üçin, ýurduň daşyna goýberilmegi üçin rugsat sorap arza ýazýar. Bu gezek, ýaş gyzyň arzasyna onuň “okaýan ýerinden tassyknamanyň gerekdigi” baradaky jogap gelýär.
Laçyn degişli dokumentleri alyp, ýurtdan çykyp bilmegi üçin nobatdaky gezek Migrasiýa gullugyna arza bilen ýüzlenýär. Emma, bu gezek hem – uniwersitetden ugradan resmi kagyzlaryna-da garamazdan, – “okuw ýerinden tassyknama gerek” diýen jogap gelýär.
Mundan soň Maral daýza Laçyn bilen migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen kabul edişlige ýazylýarlar. Türkmen resmisi Migrasiýa gullugynyň ilki beren iki jogap hatynyň asyl nusgasyny hem berkidip, üçünji arza bilen ýüz tutmagy maslahat berýär.
Emma, Laçynyň üçünji arzasyna hem “okuw ýerinden tassyknama gerek” diýen jogap gelýär. Maral daýza häzir özleriniň bialaç ýagdaýa düşendiklerini, gyzynyň okuwynyň hem “köýýändigini” aýdyp, zeýrenýär.
Gepiň gerdişine görä bellesek, Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Türkmenistanda dürli sebäpler ýa bahanalar bilen, şol sanda syýasy tussaglaryň we aktiwistleriň dogduk ýurdundan goýberilmeýändigi baradaky habarlar dowamly gelip gowuşýar.
Resmi Aşgabat käbir adamlaryň ýurtdan çykmagynyň çäklendirilip, “gara sanaw” diýilýän sanawyň ýöredilýändigini ret edýär.