Türkmenistanyň elektrik hyjuwlary

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýanlar elektrik togunyň ýetmezçiliginden dowamly kösenip gelýändiklerini gürrüň berýärler.

Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekdäki oýnaýan roly barada şu aýyň, ýagny sentýabryň 8-den 10-a çenli aralykda Aşgabatda geçýän halkara konferensiýada maslahat ediler.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi tarapyndan gurnalan bu konferensiýanyň dowamynda daşary ýurt sermaýaçylaryny çekmek, Türkmenistanyň elektrik energiýa pudagyny kämilleşdirmek meselelerine garalar.

Resmi maglumata görä, konferensiýa daşary ýurt döwletleriniň, şol sanda ABŞ-nyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Britaniýanyň wekilleri gatnaşarlar.

Guramaçylar “konferensiýanyň netijesinde ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň agzalýan ugurda umumy dil tapan ýagdaýynda milli energetika pudagynyň ösüş ugurlaryny kesgitlemäge we halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini” aýdýarlar.

Resmi maglumatda häzir Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasyny Täjigistana, Gazagystana, Pakistana we Kawkaz ýurtlaryna eksport etmek mümkinçiliklerine garalýandygy aýdylýar. Emma şol bir wagtda bu ugurlar boýunça alnyp barylýan gepleşikler, gelnen nähilidir bir ylalaşyklar barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, häzir Türkmenistan öz elektrik energiýasyny goňşy Eýrana we arzanladylan bahadan Owganystana eksport edýär.

Şu ýylyň iýunynda türkmen häkimiýetleri Serhedabat- Hyrat-Turgundy ugry boýunça Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberiniň 200 million kilowat sagatdan 400 million kilowat sagada ýetirilendigini habar berdiler.

Türkmen emeldarlary ýurduň içerki hajatlary we eksport mümkinçilikleri üçin täze elektrik geçiriji ulgamlaryň, paýlaýjy elektrik beketleriň gurulýandygyny dowamly tekrarlaýarlar. Emma, şol bir wagtda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýurduň şäherdir obalarynyň ýaşaýjylary elektrik togunyň ýetmezçiliginden dowamly kösenip gelýändiklerini gürrüň berýärler.

Galyberse-de, elektrik togunyň ýetmezçiliginden has köp kösenýär diýilýän etraplarda bina edilýän elektrik desgalarynyň hem ýerli ilatyň geregi üçin däl-de, eýse diňe eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendigi aýdylýar.

Mysal üçin, mundan birnäçe ýyl ozal Balkanabatda türk kompaniýasy tarapyndan gurlan ýörite elektrik desgasy ýerli ilatyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmaga niýetlenmän, eýse ol Eýrana eksport edilýän toguň möçberini artdyrmak üçin peýdalanylýar.

Türkmenistan 2020-nji ýyla çenli elektrik energiýasynyň önümçigini 27,4 milliard kw/s ýetirmgei planlaşdyrýandygyny mälim edýär. Resmi maglumata görä, 2015-nji ýylda Türkmenistanda 22,4 milliard kw/s elektrik energiýasy öndürilip, onuň 3,2 milliardy daşary ýurtlara eksport edilipdir.