Türkmenistan: täze mobil telefonlaryny getirmek gadagan

Aeroportda täze mobil telefonlar eýesiniň elinden alynýar we ýörite ammara tabşyrylýar.

Türkmenistana, ýörite rugsatnama bolmazdan, daşary ýurtlardan täze mobil telefonlary getirmek gadagan edildi.

Aşgabadyň aeroportunda asylan bildirişde bu gadagançylygyň “[Türkmenistanyň] çäklerinde ulanylýan mobil telefonlary aragatnaşyk howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk getirmek maksady” bilen girizilendigi aýdylýar.

Şol bildirişde nygtalyşyna görä, täze mobil telefonlaryny daşary ýurtlardan Türkmenistana getirmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar tarapyndan ýörite Rugsatnama bolmaly.

Emma gürrüňi gidýän bildirişde bu gadagançylygyň gerimi belli bolman galýar. Ýagny gadagançylyk diňe satuwa çykaryljak telefonlara degişlimi, ýa-da şahsy mobil telefonlara-da, ýagny adamlaryň öz ulanýan mobillerine-de degişlimi – bu mesele aýdyňlaşdyrylmaýar.

Şeýle-de Aşgabadyň aeroportunda ýerleşdirilen bildirişde gürrüňi gidýän rugsatnamany almagyň tertibi we düzgünleri barada hiç zat aýdylmaýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen habarlaşanda, degişli resmi işgär islendik maksat bilen we islendik möçberde getirilýän täze öýjükli telefonlar üçin ýörite rugsatnamanyň zerurdygyny aýtdy.

Eger-de daşary ýurtdan gelýän adamynyň ýanynda, gümrük resmisiniň öz sözleri bilen aýdylanda, “köne mobil” telefonyndan başga-da täze mobil telefony bar bolsa, ol eýesiniň elinden alynýar we ýörite ammara tabşyrylýar.

Gümrük gullugynyň resmisi mobil telefony elinden alnan adamynyň Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine degişli Radioýygylyklar baradaky pudagara topara ýüz tutup, hut ministriň öz goly bilen berilýän ýörite rugsatnamany almalydygyny, bolmasa-da getiren öýjükli telefonyny yzyna çykarmalydygyny aýdýar.

Gümrük işgäri gürrüňi gidýän rugsatnama üçin täze mobil telefonlar diňe Türkmenistanyň çägine gelip düşenden soň ýüz tutup bolýandygyny hem belleýär.

Türkmenistana mobil telefonlary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi “Türkmenistanyň çäklerinde radiotehniki desgalary satyn almagyň, taslamagyň, gurmagyň (oturtmagyň), radioelektron serişdeleri we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi” hakyndaky Düzgünnama esasynda düzgünleşdirilýär.