Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow ýogaldy

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow

Özbegistanyň resmileri prezident Yslam Kerimowyň 2-nji sentýabrda ýogalandygyny habar berdiler.

Günüň başynda özbek hökümeti 27-nji awgustda beýnisine gan inip keselhana düşen Kerimowyň ýagdaýynyň soňky 24 sagadyň dowamynda “görnetin ýaramazlaşandygyny hem-de doktorlar tarapyndan agyr diýlip hasaplanylýandygyny” habar beripdi.

78 ýaşly Yslam Kerimow 30 million çemesi ilatly Özbegistana 27 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýolbaşçylyk etdi.

Kerimowyň 3-nji sentýabrda dogduk şäheri Samarkandda jaýlanmagyna garaşylýar. Bu ýerde 1-nji sentýabrdan bäri resmi taýýarlyk işleri amala aşyrylýar.

Metbugatda peýda bolan maglumatlara görä, Kerimowyň jaýlanyş çäresine gatnaşmak üçin Özbegistana Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň, Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmonyň, ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň we käbir beýleki ýurtlaryň resmileriniň barmagyna garaşylýar.