Habar agentlikleri Yslam Kerimowyň ýogalandygyny habar berdiler

Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow

Özbegistanyň hökümeti birnäçe günläp dymanyndan soň prezident Yslam Kerimowyň ýagdaýyň agyrdygyny aýdyp, 2-nji sentýabrda beýannama ýaýratdy. Şol bir wagtda-da Reuters agentligi adyny agzamadyk üç diplomatik çeşmesine salgylanmak bilen 78 ýaşly Kerimowyň ýogalandygyny habar berdi.

Yzýany, Orsýetiň Interfaks agentligi özbek hökümetine salgylanyp, prezident Kerimowyň aradan çykandygyny habar berdi.

Günüň dowamynda Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim telewideniýede görkezilen hökümet maslahatynda, “özbek prezidenti Yslam Kerimow aradan çykdy” diýdi. Reuters agentligi onuň “Alla oňa rehim etsin, Türkiýe Respublikasy hökmünde biz özbek halkynyň hasratyny we gynanjyny paýlaşýarys” diýip, aýdandygyny habar berdi. Emma türk resmileriniň bu habary nireden alandygy nämälim galýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Türkiýäniň hökümet baştutany: Yslam Kerimow ýogaldy

Reuters agentliginiň bu maglumaty Özbegistanyň hökümetiniň “Halk sözi” atly gazetde 2-nji sentýabrda çap edilen resmi beýanatyň döwlet telewideniýesinde okalmagynyň yz ýanyna gabat geldi we oňa hiç hili resmi kommentariý bolmady.

Kerimowyň saglygy hakynda resmi habar

​Özbek hökümetiniň beýanatynda Kerimowyň beýnisine gan inip, 27-nji awgustda keselhana düşendigi aýdylýar we soňky 24 sagadyň dowamynda onuň ýagdaýynyň “görnetin ýaramazlaşandygy hem-de doktorlar tarapyndan agyr diýlip hasaplanylýandygy” habar berildi.

Özbegistanyň hökümeti Kerimowyň beýnisine gan inmegi zerarly keselhana ýerleşdirilendigini 28-nji awgustda mälim edeninden soň, 2-nji sentýabra çenli hiç hili maglumat bermändi.

29-njy awgustda çap bolan käbir tassyklanmadyk we esaslandyrylmadyk media maglumatlarynda, Kerimowyň ýogalandygy aýdylypdy. Ýöne soňra prezidentiň kiçi gyzy Lola Kerimowa-Tillýaýewa 31-nji awgustda sosial mediada ýaýradan maglumatynda, 78 ýaşyndaky kakasynyň diridigini we onuň saglygynyň gowulaşyp biljekdigini aýtdy.

Prezident Kerimowyň ykbaly nämälim wagtynda, Özbegistan Garaşsyzlyk gününi baýram etdi. Şonda resmi dymyşlyk 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden postsowet Merkezi Aziýa ýurduny dolandyran lideriň ýogalandygy barada çaklamalary tutaşdyrdy.

Reuters agentligi özüniň diplomatik çeşmeleriniň üstüni açman, “hawa, ol ýogaldy” diýip, çeşmeleriň birine salgylandy.

Taýýarlyk görülýär

Bu maglumatlar Özbegistanda Kerimowy jaýlamak üçin görülýän taýýarlyklaryň käbir alamatlarynyň göze ilýän wagtyna gabat geldi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy etrap häkimlerine we beýleki resmilere 2-nji sentýabrda işe ak köýnek we gara kostýum geýip gelmek barada görkezme berilendigini habar berdi. Bu görkezmeler 1-nji sentýabrda Kerimowyň dogduk şäheri bolan Samarkantda merkezi köçeleriň ýapylyp, arassalaýyş işleriniň hem käbir gurluşyk işleriniň geçirilýän wagtynda edildi.

Şäheriň taryhy Registan meýdançasynda gyzyl reňkli uly haly ýerleşdirildi we sesi güýçlendirýän gurallar oturdyldy.

Samarkantda “Çorraha” metjidiniň golaýynda hem aktiwlik göze ilýär. Howpsuzlyk gulluklarynyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, premýer-ministr Şawkat Mirziýaýew şähere barypdyr.

Şeýle-de Reuters agentligi Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Hytaýa etjek saparyny ýatyryp, 3-nji sentýabrda Özbegistana barjakdygyny habar berdi.

Türkmenistan Kerimowyň ýagdaýyny agzamaýar

Türkmenistanda döwletiň doly gözegçiliginde saklanýan habar serişdelerinde, goňşy Özbegistanyň prezidentiniň saglyk ýagdaýy düýpden agzalmaýar. Resmi maglumatlarda hatda özbek hökümetiniň Kerimowyň keselländigi barada 28-nji awgustda eden resmi beýanaty barada hem habar berilmedi.

Özbegistanyň Garaşsyzlygynyň 25-nji ýyl dönümi mynasybetli gutlag iberen sebitiň liderleriniň arasynda Türkmenistanyň prezidenti hem bar. Emma Özbegistanda prezidentiň “saglygynyň gowulaşyp biljekdigi” baradaky çykyşlaryň edilýän wagtyna gabat Türkmenistanyň we beýleki regional liderleriň iberen resmi gutlaglarynda Kerimowyň saglygynyň gowulanmagyny umyt ediji söz aýdylmady.

Ýatladyp geçsek, 1997-nji ýylda Türkmenistanyň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ýüregine operasiýa edilende, Merkezi Aziýanyň ähli liderleri, şol sanda, Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow duýgudaşlyk bildirmek üçin, ýörite Aşgabada gelipdiler.