Germaniýa Merkeliň Türkmenistanyň çakylygyny kabul edenini tassyklamady

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow (ç) we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel (s), Berlin, 29-njy awgust, 2016

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow Germaniýanyň federal kansleri Angela Merkeli Türkmenistana sapar etmäge çagyrdy.

“Bu teklip minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň wagt möhletleri diplomatik kanallar arkaly maslahat ediler” diýlip, Türkmenistanyň döwlet informasion agentligi 29-njy awgustda habar berdi.

Türkmenistanyň doly döwlet gözegçiligindäki mediasynda berlen bu habaryň yz ýany Azatlyk Radiosy Germaniýanyň kansleriniň metbugat gullugyna jaň edip, Angela Merkeliň Türkmenistana sapary boýunça planlary bilen gyzyklandy.

Germaniýanyň kansleriniň metbugat gullugy Merkeliň Berdimuhamedowyň çakylygyny kabul edendigi baradaky maglumaty tassyklamady. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan german resmisi Merkeliň Türkmenistana sapar etmegine degişli meseläniň iki ýurduň ýolbaşçylarynyň resmi gepleşikleriniň dowamynda gozgalmandygyny we agzalýan çakylygyň diňe metbugat konferensiýasynda orta atylandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň we Germaniýanyň döwlet baştutanlarynyň 29-njy awgustda Berlinde geçiren resmi gepleşikleriniň yzýany žurnalistleriň öňünde eden bilelikdäki çykyşynda G.Berdimuhamedow hususan-da şeýle diýdi: “Men uly höwes, hormat we sylag bilen hormatly hanym Merkeli Türkmenistana sapar etmäge çagyrýaryn”.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň žurnalistleriň öňünde eden bu çykyşynda öňe süren teklibine Merkel hiç hili jogap bermedi, diýip metbugat konferensiýasyna gatnaşan Azatlyk Radiosynyň žurnalisti Farruh Ýusufi aýtdy.

Türkmenistanyň prezidenti metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda öz ýurdunyň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýandygy, ähli ugurlarda, şol sanda demokratik ösüş taýdan uly üstünlik gazanandygy barada gürrüň berdi. Berdimuhamedowyň çykyşy 15 minutdan geçdi, Merkel bolsa üç minut bilen çäklendi.

Türkmenistanyň döwlet mediasy, şeýle-de Merkeliň prezident Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň “netijeliligini kanagatlanma bilen” belländigini, türkmen jemgyýetindäki demokratik prosesler meselesiniň gepleşiklerde gozgalandygy barada aýdyp, olaryň pozitiw tendensiýa eýedigini belledi diýip habar berdi.

Žurnalistlere habar berilişine görä, gepleşiklerde Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça ýörite wekili ombudsmeni bellemek we konstitusiýany reformirlemek boýunça edilýän hereketler maslahat edilipdir.

Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda ýola goýuldy.

Demokratik proseslere we adam hukuklaryna aýratyn üns berýän ýewropaly lider hasaplanýan Merkel iýul aýynda Merkezi Aziýada demokratik özgerişlikleri bilen tapawutlanýan Gyrgyzystana ilkinji gezek taryhy sapar etdi. Emma Merkel Gyrgyzystana garanda ykdysady taýdan has ösen Gazagystan we Özbegistan ýaly ýurtlardan sowlup geçipdi.