Azerbaýjanyň döwlet eýeçiligindäki nebit kompaniýasy (SOCAR) Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda SSSR dargaly bäri dowam edip gelýän toprak dawasynyň ýakyn geljekde çözülmegine umyt baglaýar.
Azerbaýjanyň «Trend» habar gullugy SOCAR-yň birinji wise-prezidenti Hoşbaht Ýusufzadäniň birinji gün Bakuwda geçen halkara energiýa maslahatynda aýdan sözlerini sitirleýär:
«Olar (Türkmenistan – redaksiýanyň belligi) bu ýangyç ýatagyny «Serdar» diýip atlandyrýar, biz oňa «Kýapaz» diýýäris. Bu meseläniň ýakyn wagtda oňyn çözüljekdigine ynanýaryn» diýip, Ýusufzada aýdypdyr.
Onuň pikirine görä, bu problemanyň çözgüdi Türkmenistanyň Azerbaýjanyň guran geçirijilerini ulanmagyna mümkinçilik berer:
«Türkmen gazyny Ýewropa çykarmagyň şeýle ýoly Türkmenistan üçin ykdysady taýdan iň amatly ýol, biziň geçirijilerimiz Hazaryň tas ortasyna çenli çekilen» diýip, Ýusufzada bu ýerden Türkmenistana çenli aralygyň uzak däldigini hem sözüne goşýar.
Ýöne azeri resmisi iki ýurduň arasynda ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän toprak dawasynyň nähili çözülip biljekdigini aýtmandyr.
Azerbaýjanly ekspert Azer Hasrat bu meseläniň Aşgabat bilen Bakuwyň arasynda uzak wagt bäri maslahat edilýändigini, emma taraplaryň entek özara ýaramly çözgüde gelip bilmeýändiklerini, sebäbi iki tarapyň hem dawaly ýataklary özüniňki hasap edýändigini aýdýar.
Ýöne ol taraplaryň bu meseläni häzirlikçe parahatçylykly we asuda ýagdaýda ara alyp maslahatlaşýandygyny, şunuň hem gowudygyny, käbir ýagdaýlarda beýle dawalaryň konfliktleriň ýitileşmegine alyp gelýändigini belleýär.
Azer Hasratyň pikirine görä, Baku bilen Aşgabadyň Hazar deňzindäki dawasynyň çözülmegi üçin hazarýaka döwletleriniň ählisiniňKaspi deňziniň düýbüniň doly bölüşilmegi babatda bir pikire gelmegi gerek.
«Şondan soň niräniň kime degişlidigi belli bolar» diýip, ol aýdýar.
Azer Hasratyň ynanjyna görä, Hazar deňziniň durumy baradaky mesele çözülmese, «Serdar» - «Kýapaz» dawasy hem açyklygyna galar.
Türkmenistanyň ozalky nebit-gaz ministri Nazar Söýünow Sowet Soýuzy wagtynda Hazaryň häzir dawa edilýän ýerlerindäki türkmen sektoryny hem özleşdirmek ygtyýarynyň Bakuwa berlendigini ýatlamak bilen, bu problemanyň bireýýäm çözmegiň mümkindigini, şeýle mehanizmiň bardygyny aýdýar.
«Men 1992-nji ýylda Orsýet, Gazagystan we Türkmenistan arasynda Kaspi deňziniň düýbini bölüşmek boýunça protokola gol çekdim, şonda Azerbaýjanyň wekili hem bardy. Emma ol bu protokola gol çekmedi, sebäbi oňa Haýdar Alyýew rugsat bermedi» diýip, Nazar Söýünow aýdýar.
Ozalky ministriň ynanjyna görä, şol protokol täzeden işe girizilse, dawaly ýatak türkmen tarapynda bolup çykar.
Orsýetde ýaşaýan öňki wise-premýer Söýünow Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde Hazardaky dawaly ýerleriň çözgüdi baradaky tekliplerini türkmen hökümetine birnäçe gezek iberendigini, emma hiç bir jogap almandygyny hem sözüne goşdy.
Biraz öň ABŞ-nyň Chevron we Germaniýanyň Wintershall kompaniýalary «Kýapaz» ýatagyny özleşdirmäge gyzyklanma bildirdi. Hazar deňziniň durumy baradaky şertnama gol çekilmezden öň bu ýatagy bilelikde özleşdirmek barada karara gelinmegi Transhazar geçirijisi proektiniň gurluşygyny çaltlaşdyrar» diýip, Azerbaýjanyň «Bernama» neşiriniň habarynda aýdylýar.