Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdeleri prezident Berdimuhamedowyň zähmet dynç alşy wagtynda birbada iki sany täze kitabyň üstünde «işleýändigini» habar berýär.
Türkmen telewideniýesiniň öňünden tassyklamagyna görä, «bu kitaplar... çuňňur oýlanmalaryň we pikir ýöretmeleriň miwesi bolup durýar».
Türkmen prezidentiniň basym çapdan çykmagyna garaşylýan kitaplaryna bagyşlanan telereportažda ozaly onuň «işiniň örän köpdügi», ýöne işden boş wagtynda çeper döredijilik, ylmy işler bilen meşgul bolýandygy nygtalýar.
Şeýle-de prezidentiň, çeper eser ýa ylmy iş ýazanda, dürli maglumatlary «hemmetaraplaýyn we içgin öwrenýändigi» bellenilýär.
Resmi maglumata görä, prezidentiň täze eserlerinde «türkmen halkynyň gözbaşyny Oguzhandan alyp gaýdýan döreýiş taryhy» diýilýän we türkmen halkynyň «parahatçylyk söýüjiligi» öz beýanyny tapmaly.
Telereportažda nygtalmagyna görä, prezidentiň kitaplary «türkmenleriň häsiýetiniň aýratynlyklaryny», ýagny ahlak ýörelgeleriniň özenini düzýän «parahatçylyk söýüjiligini» açyp görkezýär.
«Bu eserler döwlet ösüşiniň öz ýoluny, türkmen nusgasyny gözlemek nukdaý nazaryndan, türkmen bitaraplygyna täze garaýşy açar» diýip, türkmen telewideniýesiniň reportažynda bellenilýär.
Dokuz ýylda 40 kitap?
Türkmenistanyň prezidenti şu ýyl häzir üstünde işleýän iki kitabyndan öň bäş kitabyny - «Paýhas çeşmesi», «Çaý melhem hem ylham», «Gadamy batly bedew», «Arşyň nepisligi», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly işlerini okyjylara hödürledi.
Gepiň gerdişine aýdylsa, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» diýilýän işiň ozal ýedi tomy çap edilipdi. Prezidentiň toplamagynda «Paýhas çeşmesi» diýen at bilen çap edilen kitabyň bolsa türkmen nakyllarydygy aýdylýar.
Türkmen telewideniýesi Berdimhumedowyň kitaplarynyň «meşhurdygyny» tassyklap, olaryň dünýäniň köp dillerine terjime edilendigini hem habar berýär.
Azatlyk radiosynyň toplan resmi maglumatlaryna görä, Berdimuhamedow 2007-nji ýylda prezident bolaly bäri 40-a golaý kitap çap etdirdi. Şeýle-de ol aýdym, saz ýazýar we wagtal-wagtal öz eserlerini ýerine ýerine ýetirip, döwlet telewideniýesi arkaly halka hödürleýär.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Emma garaşsyzlyk döwründe, 2006-njy ýylyň dekabryna çenli Türkmenistanyň metbugatynda başga bir baş ýazyjy– Saparmyrat Nyýazow öwülýärdi.
Şeýle-de, Nyýazowyň döredijiligi okuw programmalaryna girizilip, onuň adyndan çap edilen «Ruhnama» ýadygärlik dikilipdi. Nyýazow bu kitaby üç gezek okan adamyň göni jennete girjekdigini wada beripdi.