Nebit-gaz pudagynyň işgärleri 'azaldylýar'

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyndaky özgertmeler energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky bahalarynyň peselmeginiň çäginde bolup geçýär

Türkmenistanda Nebit-gaz ministrliginiň ýatyrylmagy bilen ozalky ministrligiň düzümindäki edaradyr kärhanalarda hem düýpli özgerişlikleriň, şol sanda tygşytlaýyş çäreleriniň başlanandygy aýdylýar.

Gürrüňi edilýän pudagyň käbir işgärleri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşleginde “Türkmengeologiýa” gazuw-burawlaýyş edaralaryna, şeýle-de “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerine degişli käbir bölümleriniň ýapylýandygyny, iş ştatlarynyň hem kemildilýändigini gürrüň berdiler.

“Türkmengeologýa” edarasynyň özüni atlandyrmasyzlygy soran bir işgäri hatda wezipesinde galdyrylýan käbir işgärleriň hem iş tertibiniň ýarym stawka geçirilýändigini aýtdy.

“Bize işe günaşadan çykmagy tabşyrdylar. Muňa garamazdan, berilýän işiň göwrümi öňküligine galdy. ‘Isleseň günde gelip, işiňi ýerine ýetir, isleseň günaşadan... ol öz işiň’ diýdiler” diýip, “Türkmengeologiýa” edarasynyň işgäri gürrüň berdi.

Zähmet haklary

Şol bir wagtda, işiň ýarym stawka geçirilmegi bilen, ozalky berilýän aýlyk zähmet haky iki esse azaldylypdyr.

“Ozal her aýda 900 manat alýardym. Indi onuň hem iki esse azaldylandygyny aýtdylar. Indi öňümizdäki aýyň ahyrynda göreris-dä elimize näçe aljagymyzy” diýip, “Türkmengeologiýanyň” işgäri aýtdy.

Bu aralykda, Balkanabadyň Abatlaýyş gurluşyk müdirliginde-de (AGM) 1-nji sentýabrdan başlap, iş orunlarynyň 75-si ýapylar. Şeýle-de, Balkanyň merkezi şäherindäki bu edaranyň ussalarynyň iş sagady 50% azaldylyp, olar gündelik sekiz sagadyň ýerine indi dört sagat işlemeli bolarlar.

Adynyň efirde tutulmazlygyny haýyş eden şol edaranyň ussasy 1-nji sentýabrdan başlap, ussalaryň iki smenada, ýagny ertirden-günortana, soňra-da günortandan-ikindine çenli işläp başlajakdyklaryny habar berdi.

“Lebapgazçykaryş” müdirliginde işleýän hünärmenleriň biri Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, edaranyň düzümindäki ençeme işgäriň wezipesinden boşadylandygyny aýtdy.

“Işsiz oturan halky iş bilen üpjün edip bilmeýärler. Üstesine işläp ýörenleri-de sokraşeniýe edýärler (işden aýyrýarlar – red.)” diýip, ýaňy-ýakynda işini ýitiren “Lebapgazçykaryş” müdirliginiň ozalky hünärmeni Azatlyk Radiosyna öz nägileligini bildirdi.

Ministrligiň ýatyrylmagy

Ýatladyp geçsek, mundan on gün töweregi ozal Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow ýurduň Nebit-gaz ministrligini ýatyrmak kararyna gelendigini aýdypdy. Şonda Berdimuhamedow beýle karara “nebit-gaz toplumyny dolandyrmagy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, umuman, bu pudagyň işini has-da gowulandyrmak hem-de maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagyny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen” gelendigini aýdypdy.

Mundan başga-da, 15-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatynda, Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň işini hem bes etmek karar edildi.

Prezident ýatyrylan ministrligiň we agentligiň işgärlerini iş bilen üpjün etmek barada tabşyryk berse-de, ony nähili ýagdaýda amala aşyrmalydygyny aýtmady.

Prezidentiň ýokarky görkezmesine garamazdan, nebit-gaz pudagynyň işgärleriniň ştat sanawynyň we zähmet sagatlarynyň kemeldilýändigi baradaky şikaýatlar dogrusynda, Azatlyk Radiosynyň ýurduň “Türkmengaz” we “Türkmennebit” konsernleri bilen habarlaşmak synanyşyklary hiç hili netije bermedi.

Galyberse-de, mundan ozalam ýurduň nebit-gaz pudagynyň işgärlerine zähmet haklarynyň wagtynda berilmeýändigi, iş orunlarynyň kemeldilýändigi barada hem habarlar çykypdy.

Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyndaky bu soňky özgertmeler energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryndaky bahalarynyň ýiti peselmeginiň çäginde bolup geçýär.