Türkmenistanda “gara banklar” möwjeýär

Reuters esasan gazyň girdejisine bil baglaýan Türkmenistandaky islendik ykdysady krizisiň agyr netijeleriniň bolup biljekdigini aýdýar.

Türkmenistanyň resmi alyş-çalyş nokatlarynda dollar satuwyna girizilen çäklendirmeleriň fonunda “dollaryň gara bazary” bilen birlikde, “gara banklaryň” hem gerimi giňäp başlady.

Häzirki wagtda näresmi banklar, ýagny il içinde atlandyrylyşy ýaly süýthorlar, dollar karz almakçy bolýanlara, aýlyk 5-7% göterim aralygynda pul karz berýärler. Bu süýthorluk şertine görä, bergidar algysyndan daşgary hem her aýda alan pulunyň möçberine görä, süýthora göterim tölemeli bolýar.

Ýeri gelende bellesek, ýaşryn banklar Türkmenistanyň çäginde mundan ozal hem bardy. Emma olaryň iş gerimi häzirkisinden has çäklidi we olar her aýda 3-5 prosent aralygynda göterim alýardylar.

Dollar söwdasyna 2015-nji ýylyň ikinji ýarymyndan başlap girizilen çäklendirmeler, 2016-njy ýyldan başlap dollaryň satylmagynyň doly bes edilmegi ýaşryn, “gara banklaryň” işini gaýtadan janlandyrdy.

Şol bir wagtda “gara bankdan” dollar karz almak üçin ýeke-täk şert göterim däl. Göterimine dollar karz alýan adam karz alýan pulunyň möçberine deň gymmaty bolan girew-de goýmaly.

“Maňa zerur ýagdaýda 10 müň dollar gerek boldy. Öýdäki ähli altyn-kümüş şaý-sepleri, ulagymyň ähli dokumentlerini girewine goýup, 7 prosentine (aýlyk 7% göterimine – red.) karz almaly boldum. Biz dilegçi-dä, näme diýilse razy bolmaly bolýarys” diýip, Aşgabadyň mekdepleriniň birinde mugallym bolup işleýän Oraz gürrüň berýär.

Oraz mundan owal Türkmenistanyň döwlet eýeçigindäki banklaryndan hem, manatda bolsa-da karz almakçy bolandygyny, emma gerekli dokumentleri wagtynda toplap bilmändigini aýdýar.

“Ilki bilen-ä girew tapmaly. Toplamaly dokumentleriň hem hetdi-hasaby ýok: iş ýeriňden güwänama, aýlyk baradaky sprawkaň, ozal kreditiň ýokdugy baradaky şahadatnama... Soňra-da bergiňi üzlüşip bilmedik ýagdaýyňda, karzyňy ýapmaga taýýar bir güwäçini-de tapmaly. Onuň hem ‘dokuzy düzüw bolmaly’. Ýagny, men näme dokumenti ýygnan bolsam, ol hem olary tabşyrmaly. Mundan başga-da alýan puluň belli bir bölegini bank resmileriniň eline (para – red.) bermeli” diýip, Oraz Türkmenistanyň döwlet banklary bilen iş salşanda duçar bolan başdangeçirmelerini gürrüň berýär.

“Gara banklaryň” özüniň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran eýeleriniň biri, esasan, ogul öýermekçi, çagasyny okuwa ýerleşdirmekçi bolýanlaryň, şeýle-de daşary ýurtda söwda edýänleriň dollar karz alýandyklaryny gürrüň berýär.

Şol bir wagtda, “gara banklaryň” aglabasynyň araçylaryň, ýagny heşdekleriň üsti bilen işleýändigi aýdylýar. Oglunyň toýuny tutmak üçin 10 müň dollar karz alan Oraz heşdegiň hyzmaty üçin araça hem karzdaryň hem-de süýthoruň belli bir möçberde “peşgeş” bermeli bolýandygyny gürrüň berdi.

Dollaryň “gara bazarlarynyň” we “gara banklarynyň” döremegi Türkmenistanda ilata dollaryň satuwynyň durzulmagy we daşary ýurtlara pul ugratmak we almak boýunça girzilen soňky çäklendirmelere gabat geldi.

Reuters habar agentliginiň Türkmenistandaky häzirki maliýe ýagdaý bilen baglylykda 20-nji iýulda çap eden synyna görä, türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurt walýutasynyň dolanyşygyna doly kontrol etmek meýli bir ýurtda daşary ýurt walýuta rezerwleriniň gaty peselmegi bilen bagly.

Reuters esasan gazyň girdejisine bil baglaýan Türkmenistandaky islendik ykdysady krizisiň agyr netijeleriniň bolup biljekdigini aýdýar. Mälim bolşy ýaly, soňky ýylyň dowamynda dünýä bazaryndaky energiýa resurslarynyň bahasy gaty peseldi.

Galyberse-de, Türkmenistanyň habar serişdelerinde, ýurduň häzirki wagtda uçrady diýilýän ykdysady meseleleri barada ýerli ilata hiç hili maglumat ýa-da düşündiriş berlenok.