"Şorty" – dini jähtden jedelleşilýär

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň käbirinde ilat arasynda "şorty", ýagny kelte balak geýmek bolýarmy ýa-da ýok diýen jedeliň tutaşmagyna getiren gadagançylyk kanunlary kabul edildi. Käbir orta aziýa hökümetleri aýal-gyzlaryň, erkek adamlaryňky ýaly, "şorty", ýagny gysga balak geýmegini islemeýärler.

Dyzdan ýokarda durýan keltejik balak, ýagny "şorty" geýmek bolýarmy ýa ýok diýen jedel şeýle bir derejä baryp ýetdi welin, jemgyýetçilik hem döwlet edaralarynda we guramalarynda kelte balaklar dress-kodlar (geýinmegiň ýörite düzgünleri) arkaly gadagan edildi.

Has berk çäklendirmelere hem Daşkentde duş gelinýär.

Mundan birnäçe wagt ozal ol şäherde erkek adamlar bilen zenanlar üçin aýratyn howuzlaryň gurulmagy teklip edildi. Aýagy "şortyly" bir ýetginjek gyzy bolsa ol şäherde hatda bir keselhana-da goýbermändirler. Saglygy saklaýyş edarasynyň işgärleri soňra şeýle gadaganyň sebäbini düşündirip bilmändirler.

2014-nji ýylda Özbegistanda aýal-gyzlardan bolan medeniýet we sungat işgärlerine "geýimde seksual elementleri" gadagan edýän dress-kod güýje girizildi.

Birden tötänden ýoluňyz Özbegistana ýa-da Gyrgyzystana düşäýse, özüňizem keltejik "şorty" geýnen bolaýsaňyz haýsy ýerlere baryp biljegiňizi bilýäňizmi? Azatlyk Radiosynyň "Häzirki döwür" atly telegepleşigi şeýle ýerleriň sanawyny taýýarlady.

Duşenbede ministrlikler

Täjigistanyň köpsanly hökümet edaralarynda berk dress-kod düzgüni bar. Diňe işgärler däl, şol bir wagtyň özünde ol edaralara barýanlar hem hut şol geýim kadasyna eýermäge borçly.

4-nji iýulda Duşenbede bir raýaty, kelte jalbarly bolandygy üçin, Bilim ministrliginiň halkara programmalar merkezine goýbermändirler. Ol raýat özüniň hak-hukugynyň basgylanandygyny aýan edip, bolan waka bilen baglanyşykly kazyýete arz-şikaýat etjekdigini bildirýär.

Merkeziň işgärleriniň aýtmagyna görä, hut ministriň görkezmesine laýyklykda her kim ministrlige diňe resmi eginbaş bilen gelmeli.

"Dogrudanam, bu ýere keltejik balak bilen, ýagny "şorty" geýip gelmek bolarmy? Bu ýere daşary ýurtlardan myhmanlar gelýär ahbetin. Myhmany "şortuly" garşylamak biziň adatlarymyza gabat gelmeýär" diýip, Halkara programmalar merkeziniň ýerine ýetiriji müdiri Nawruz Hojyýew geňirgenip gürrüň berýär.

Nawoidaky (Özbegistan) bank

Eger Özbegistanda keltejik jalbar geýen bolsaňyz, diňe hassahanalara däl, sizi banklara hem goýbermeýärler. Geçen aýyň başynda Nawoi şäherinde ýaşaýan bir biznesmen keltejik jalbarly bolany üçin "Mikrokreditbank" atly bankyň ýerli şahamçasynyň jaýyna goýberilmändir we jöwzaly yssynyň içinde öýüne gaýdyp, eginbaşyny çalşyryp gelmeli bolupdyr.

"Durmuşda her hili ýagdaýlar bolup bilýär. Adamlar hemişe klassyky geýimde bolup bilmez. Onsoňam biz resmi işgär däl-ä, ýagny biz olaryň müşderisi ahbetin" diýip, ol biznesmen öz gürrüňinde nägileligini bildirýär.

Ýöne bankyň işgärleri bu aýdylýanlaryň nädogrudygyny bildirip, müşderileriň banka islän geýiminde gelip bilýändigini nygtaýar.

Daşkentde ýol polisiýa edarasy

Mundan birnäçe aý owal WhatsApp we Telegram internet aragatnaşyk ulgamlaryny ulanýan raýatlaryň arasynda Daşkendiň bir etrabynda ýol polisiýa edarasy bilen bagly täzelikde güýje giren bu geýim düzgünine degişli jedel tutaşdy. Täze kabul edilen geýim düzgünine görä, ýol polisiýa edarasyna "şortyly, kelte jalbarly we ýakasy açyk maýkaly" barmak "düýbünden gadagan" edilipdir.

Almatydaky kazyýet

Almatyda bir biznesmeni, keltejik jalbar geýendigi sebäpli, jenaýat işleri kazyýetiniň suduna goýbermändirler. Şonda kazyýet onuň ofisiniň talanmagy barasyndaky jenaýat işiniň suduny geçirmeli ekeni.

"Meniň pikirimçe, bu durşy bilen bidereklikdir. Bu meni we meniň hak-hukuglarymy äsgermezlikdir. Onda-da demokratiýanyň esasy instituty hasaplanýan kazyýetde şeýle ýagdaýyň bolmagy" diýip, ol biznesmen öz närazylygyny bildiripdir.

Kazyýet bolsa, tersine, keltejik jalbar geýip gelinmegini özüne garşy äsgermezçilik hasap edipdir we Almataly şol raýata munuň üçin 106050 teňňe, ýagny 310 dollar jerime salypdyr.

Oş şäherindäki (Gyrgyzystan) metjit

2014-nji ýylda Gyrgyzystanyň günortasyndaky Oş şäheriniň 19 ýaşyndaky ýaşaýjysy juma namazyna keltejik jalbarly baran mahaly ol ýerde başga bir raýat tarapyndan ýenjilipdir. Ony uran adam, keltejik jalbar geýmegiň yslam dinine ters gelýändigini tekrarlapdyr.

Ýenjilen ýaş oglan hassahana baran mahaly, doktorlar onuň içki organlaryna gan öýendigini aýdypdyrlar. Netijede ol ýigidiň dalagyny aýyrmaly bolupdyr.