Türkmen ýaşlarynyň ýurtdan çykmak kynçylyklary

Aşgabatdaky aeroport

20 ýaşlaryndaky Miwe, Belarusyň ýokary okuw jaýyna dokument tabşyrmak üçin Minskä uçmakçy bolup Aşgabadyň aeroportuna baranda, Migrasiýa gullugynyň işgäri onuň “ýurtdan çykyp bilmeýändigini” aýdyp, ýaş gyzy yzyna dolady.

Migrasiýa gullugynyň jogapkär işgäriniň aýtmagyna görä, 35 ýaşyny doldurmadyk aýal-gyzlar, eger olaryň ýanynda ýakyn hossary bolmasa, şeýle-de, gulluk edendigi ýa-da gullukdan boşadylandygy barada harby biledi bolmadyk oglanlar ýurtdan çykarylmaýar.

Miwe daşary ýurda okuw jaýyna dokument tabşyrmak üçin barýandygyny aýdanda, Migrasiýa gullugynyň işgäri diňe talyp wizasy bolan ýaşlaryň, ýokarky şertlere garamazdan, ýurduň daşyna goýberilip bilinýändigini aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, aşgabatly Miwäniň Belarusa gitmek üçin syýahat wizasy bardy. Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryna iki gezek synanyşan we girip bilmedik Miwe resmi talyp wizasyny oňartmagyň has köp wagt hem çykdajy talap edýändigini gürrüň berýär.

“Iň amatlysy – bu syýahatçylyk wizasyny oňardyp gideniň. Meniň resminama tabşyrmakçy bolýan institutymda hem muny maslahat berdiler. Bolmasa, poçta bilen dokumentleriňi ugradýançaň, olara garalyp, çakylyk hem gelýänçä, gaty köp wagtyň we puluň çykýar. Türkmen Migrasiýasy bolsa, ýüzümi alyp goýberdi. Näme üçin beýdýärler?” diýip, bu ýagdaý bilen bagly Miwe öz nägileligini bildirýär.

Miwäniň soragyna Migrasiýa gullugynyň öz işgärleri hem jogap berip bilmeýärler. Azatlyk Radiosy bu meselede Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy bilen habarlaşyp, 35 ýaşy dolmadyk aýal-gyzlaryň ýany hossarsyz we harby biledi bolmadyk oglanlaryň ýurduň daşyna syýahatçylyk wizasy bilen goýberilmezliginiň sebäpleri dogrusynda sorag berdi.

Gullugyň degişli emeldary bu çäklendirmeleriň bardygyny tassyklasa-da, olaryň girizilmeginiň sebäplerini we maksatlaryny düşündirip bilmedi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan daşary ýurtlardaky beýleki türkmen talyplary hem ilki syýasahatçylyk wizasyny alyp, ähli synaglary tabşyryp, diňe ýokary okuw jaýyna resmi ýagdaýda girenlerinden soň talyp wizasyny düzetmegiň özlerine has amatly düşendigini gürrüň berdiler.

“Men hem ilki resminama tabşyranymda syýahatçy hökmünde gelipdim, okuwa alnanyma göz ýetirenimden soň talyp wizasyny aldym. Muny beýleki ýurtlardan gelenler hem şeýdýärler” diýip, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okaýan türkmenistanly Bägül gürrüň berýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlaryna her ýyl kabul edilýän talyplaryň sanyna girizilýän kwotlar we okuwa girmek üçin soralýandygy aýdylýan para sebäpli, onlarça müň türkmen talyplary daşary ýurtlarda, esasan hem Türkiýäniň, Belarusuň we Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýarlar.