Geçen hepdäniň ahyrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Garabekewül etrabynyň çäginde gurlan Berkarar Zaman atly obasy uly dabara, şowhun-şagalaň bilen açyldy.
Türkmen mediasynda prezidenti garşylaýan adamlardan düzülen diri geçelgeleri, bu obanyň ýaşaýjylary diýlip tanadylan ýaşulularyň, çaga-çugalaryň gatnaşmagynda gurnalan toý dabarsyny synlasa bolýardy.
Prezident “näz-nygamatlara baý” diýlip häsiýetlendirien bu obanyň tekjelerinde dürli-dümen harytlar satuwa çykarylan täze bazaryna baryp, bu ýeriniň önümleri bilen tanyşdy. Berdimuhamedow obadaky ençeme jaýa-da baryp, bu ýere täze göçüp gelendigi aýdylýan adamlar bilen gürrüňdeş boldy. Türkmen mediasynda adat bolşy ýaly, ýaşy uly-da, ýaşy kiçi-de bu obanyň gurlandygy üçin prezidente nobatma-nobat sag bolsun aýdyp, oňa tükeniksiz alkyş okadylar.
Emma bu wakadan üç gün geçensoň, indi bu obanyň ilaty-da, bazary-da göçüp gidene meňzeýär. Berkarar Zaman obasynyň gurluşyk işleri-de asla tamamlanmadyk ýaly bolup görünýär.
Obanyň köçelerinde ýene-de agyr gurluşyk tehnika höküm sürýär diýse bolar. Obanyň içinde günortanlar asla hiç hili ýaşaýyş alamatlary görünmeýär. Häzirki wagtda Lebap welaýatynyň häkimi tarapyndan bu oba göçüp gelmäge rugsat berlen-de bolsa, bu obanyň gurluşyk işleri entek doly tamamlanmandyr. Obanyň köçelerinde eýýäm göçüp gelen ýa täze göçüp gelýän adamlar, ýa-da täze ýurda göçüşlik bilen bagly nähilidir bir gyzgalaň göze ilmeýär.
Galyberse-de, bu obanyň daş-töweregi açyklyk bolansoň, akyp ýatan ürgün çäge sebäpli, sähel şemal tursa, tozanyň derdinden ýaňa Berkarar Zamanyň özi gözden gaýyp bolup, onuň diňe çala sudury galýar. Obanyň içinde sosna agaçjyklary ekilse-de, gyradan sowrulýan tozanly ýeliň badyny saklajak, obany çölüň süýşýän çägesinden gorajak ýörite agaç nahallary ekilmädir, obanyň daşynda bolmaly gorag zolagy göz öňünde tutulmandyr.
“Birki aýlykda ekilen sosnalaryň ençemesi guraberdi, bu agaçlar ulalsa-da, bu ýeriniň şemalynyň getirýän gumuny saklap bilmez, gowja suwarylyp çynar, tut agaçlaryna meňzeş gür ýaprakly agaçlar ekilmelidi” diýip, bu ýeriniň inženeri 45 ýaşlaryndaky Gurban aýdýar.
Oba göçüp geljek adamlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryň aglabasynyň içi entek doly oňarylyp hem gutarmandyr. Häzirki wagtda olaryň içinde ençeme gurluşyk bilen bagly inçe boýag işlerini geçirmeli ýerleri hem az däl.
Jaýlara suw we gaz turbalary geçirilen hem bolsa, bu turbalar düýp suwgeçiriji turbalara çatylmandyr. Emma, heniz bitmedik iş köpem bolsa, bu täze obada iş gyzgalaňly gidýär diýip boljak däl.
Berkarar Zaman obasynda saglyk öýi, 280 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk mekdep, 200 orunlyk medeniýet öýi bar.
Bu jaýlaryň häzirki wagtda bahasynyň näçe boljakdygy barada anyk maglumatlar ýok. Emma aýdylmagyna görä, bu jaýlaryň bahasy jaý otaglaryna görä üýtgeýär. Häzirki wagtda bu ýerdäki dört-bäş otagly jaýlaryň biri 220 müň manada ($63 müň töweregi) barabardygy aýdylyp, bu jaýlar ilata 30 ýyllyk kredit möhleti bilen satylýar.