Aşgabat: tomsuň örküjinde kondisionerler aýrylýar

“Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýoluna çykýan jaýlaryň ýüzündäki kondisionerler mundan 2 ýyl töweregi ozal aýrylyp dynylypdy.

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň gabat garşysyndaky Parahat-1 we Parahat-2 mikroraýonlaryndaky 4-5 gatly jaýlaryň ýüzünden split kondisionerleri arýylyp başlandy.

Ýatladyp geçsek, Olimpiýa şäherjigi bilen Parahat etrapçasyny bölüp geçýän “Saparmyrat Türkmenbaşy” şaýoluna çykýan jaýlaryň ýüzündäki kondisionerler mundan 2 ýyl töweregi ozal aýrylyp dynylypdy.

Häzir bolsa ýaşaýjylar kondisionerleri etrapçalaryň içindäki, ýagny protokol köçä düýbünden ýanaşmaýan, uly ýol tarapdan asla görünmeýän tamlardan hem söküp aýyrmaga mejbur edilýär.

Şu hepdäniň başynda ýerli öý-hojalyk uprawleniýesiniň we etrap häkimliginiň işgärleri gürrüňi gidýän mikroraýonyň ýaşaýjylaryna tamlarynyň daşy mermere çalym edýän, ak reňkli alfogon materialy bilen örtüljekdigini, şol sebäpli-de diwarlaryň daş ýüzündäki kondisionerleriň sökülip aýryljakdygyny duýdurdylar.

Jaýlaryň daşky ýüzi mermere meňzeýän material bilen örtülýär.

Duýduryş uzaga çekmän durmuşa geçirilip başlandy. Eýýäm birnäçe günden bäri Parahat-1 etrapçasynyň 60, 62, 65-nji jaýlarynyň, Parahat-2/1 etrapçasynyň 7, 7a, 17, 18, 19-njy jaýlarynyň, Parahat-2/2 etrapçasynyň 25, 27, 29-njy jaýlarynyň öňlerinde hökümet adamlarynyň, ýa-da, il içinde aýdylyşy ýaly, “ýaşyl” belgili ulagly adamlaryň bu ýerdäki ýaşaýjylaryň kondisionerlerini söküp aýryp durandyklaryny görse bolýar.

Tomsuň edil örküjinde, howanyň temperaturasynyň 40 gradusdan hem aşýan bu günlerinde kondisionerleriň aýrylmagy bilen, ýaşaýjylar split ulgamlaryny, tehniki howpsuzlyk kadalaryna-da garamazdan, jaýlaryň girelgeleriniň içinde goýmakdan başga alaçlarynyň ýokdugyny aýdýarlar.

Girelgede oturdylan kondisioner

“Başga näme edeli?! Ýene dünýäň puluny çykaryp, kondisionerleri podýezdiň içinde goýduraýmasak... Podýezdiň içiniň tamdyra öwrüljekdigine öz gözümiz hem ýetmän duranok. Emma, [olary] aýyrmagy bilýän hökümet, öwezine hiç zat hödürlemeýär. Öz başyňy özüň çaramaly bolýarsyň. Ýagdaýy ýoklar-da, näme, 50-60 ýyl ozal bolşy ýaly, wentilýatora geçmeli bolar-da...” diýip, Parahat-2 etrapçasynyň ýaşaýjysy Ilmämmet närazylygyny bildirýär.

Emma Ilmämmediň we beýlekileriň nägileligine gezek gelende, ýerli jogapkär resmiler, mundan birnäçe ýyl ozal “protokol” köçesiniň garşysyndaky jaýlaryň ýaşaýjylaryna jogap berişleri ýaly, diňe “ýokardan buýruk bar” diýip oňaýýarlar.

Kondisionerleri ozal arýylan jaýlaryň daşyny alfogon bilen örtmek işleri tas iki ýyl çemesi wagt dowam edip, ol şu ýylyň maý aýlarynda tamamlanypdy. Emma ýerli häkimiýetler ne soňky iki ýylyň dowamynda, ne-de häzirki wagtda, ýagny ilatyň tomsuň yssysyndan ejir çekýän döwründe adamlary yssydan goraýan kondisionerleriň deregine başga bir ylalaşykly çözgüt hödürläp bildiler.

Ýeri gelende bellesek, tamlaryň daşky diwarlaryna berkidilen kondisionerleri aýyrmak işleri diňe bir Olimipiýa şäherjiginiň töweregindäki jaýlar bilen çäklenmeýär. Paýtagtyň uly ýollarynyň ugrundaky ýaşaýyş jaýlaryň diwarlaryndaky split ulgamlar hem mejbury sökülip aýrylýar.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Aşgabatda protest boldy

2015-nji ýylda häkimiýetleriň Parahat-7 mikroraýonyndaky jaýlaryň ýüzünden kondisionerleri aýyrmak synanyşygy, ýerli ilatda açyk protest reaksiýasyny döredipdi. Şol wagt ýerli häkimiýetler sökülip aýrylan kondisionerleriň soňra döwletiň hasabyna bir setir edip, ýaňadandan goýuljakdygyny wada berip, ilaty köşeşdiripdiler. Emma türkmen hökümetiniň beren bu sözi häzirki güne çenli hem durmuşa geçenok.