Üstümizdäki aý kürt söweşijileri bilen Eýranyň ”Rewollýusiýa sakçylarynyň” arasynda çaknyşyklar turdy. Taraplaryň ikisi-de beýleki tarapy adam ýitgilerine uçradandygyny aýdýar. Hatda ýurduň berk senzura astyndaky mediasy-da, söweş bolandygyny habar berip, hökümet goşunlarynyň adam ýitgisini çekendigini boýun aldy. Ýöne söweş odunyň garaşylmadyk ýagdaýda tutaşmagyna näme sebäp bolduka?
Uruşýanlar kimler, gazaply hereketleriň gerimi näçeräk?
Geçen iki hepdelikde hökümet güýçleri bilen Eýranyň "Kürt demokratik" partiýasynyň agzalarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda ”Rewolýusiýa çakçylaryndan”, şeýle hem kürt pitneçilerinden ençeme adam öldi. Söweşleriň bolan ýeri Eýranyň Yrak bilen serhetdeş we esasy ilaty kürtlerden durýan demirgazyk-günbatar etraplary. Çaknyşygyň 15-16 iýunda Eýranyň Günbatar Azerbaýjan welaýatynda Oşnawiýede bolandygy habar berildi. Ondan soňraky söweşler hem goňşy regionlar bolan Sarwabatda, Mahabatda we Meriwanda boldy.
28-nji iýunda ”Rewolýusiýa sakçylary” öz güýçleriniň Sarwabatda on bir sany kürt pitneçisini öldürendigini aýtdy. Mohammad Hoseýn Rejebi çaknyşyklarda öz ýaragly güýçlerinden hem üç adamynyň ölendigini bildirdi. Eýranyň "Kürt demokratik" partiýasy bolsa özüniň birnäçe söweşijisiniň ölendigini aýdyp, Eýranyň ”Rewolýusiýa sakçylaryndan” ölenleriň sanyny ýigrimiden agdyk diýip berýär.
Pitneçiler näme isleýärler we bu iş näme üçin edil şu wagt bolýar?
Eýranyň "Kürt demokratik" partiýasy eýranly kürtleriň garaşsyzlygy, olara köpräk hukuk berilmegi ugrunda onlarça ýyl bäri göreş alyp barýar. Bu partiýanyň harby operasiýalary we onuň Eýran režimine garşy herekete geçmegi 1989-njy ýylda partiýanyň başlygy Abdol Rahman Gasemlu öldürileninden soň möwjäp ugrady. Ýöne jeňçileriniň aglabasy demirgazyk Yrakda ýaşaýan topar 1997-nji ýylda atyşyklary bes edendigini jar etdi.
Täze çaknyşyklar Eýranyň "Kürt demokratik" partiýasynyň baş sekretary Mostafa Hejri kürt ýaşlaryny öz hatarlaryna we "şäherlerdäki hem daglardaky göreşlere" goşulmaga çagyranyndan soňra turdy. Hejriniň mart aýynda Nowruz baýramynda eden beýanaty Eýranyň garşysyna alnyp barylýan ýaragly göreşiň täzelenmegi diýip häsiýetlendirilýär.
Ýöne partiýanyň ýolbaşçylary özleriniň Eýrandaky kürtler bilen arabaglanyşygyny giňeldip, täze güýç toplamak isleýändiklerini aýdýarlar.
"Biz urşa girişmekçi däl. Eýran Yslam respublikasy bilen barýan uruş geçen 37 ýyllykda dowam etdi" diýip, Eýranyň "Kürt demokratik" partiýasynyň syýasy býurosynyň agzasy Rostam Jahangiri öten hepde Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Susseks (Sussex) uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar boýunça dosenti Kamran Matiniň pikiriçe, Eýranyň "Kürt demokratik" partiýasy Yragyň Kürdüstan regional hökümetiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ugrunda öz bähbitlerini pida etmejek bolýar.
"Olar indi Eýranyň öz içinde bolmagyň wagty ýetdi diýip pikir edýärler. Olaryň täze ýaragly göreşe girmändiklerini aýtmagy gaty möhüm. Olar öz ýaragly güýçlerini olaryň Eýranda bolmagy üçin iberendiklerini aýdýarlar. Bu goranyş üçin edilýän hereket, harby manyda. Olaryň ýaragly güýçleri Eýranyň territoriýasynda bolsa, olara Eýranyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan hüjüm edilmek ähtimallygy gaty ýokary" diýip, Matin aýdýar.
Stokgolmda ýaşaýan žurnalist Saman Resulpuruň aýtmagyna görä, "Kürt demokratik" partiýasynyň ýolbaşçylary Eýran güýçleri bilen dikleşmegiň özlerine Eýranda ala tutulmakdan, zulum-sütemden we syýasy taýdan basylyp saklanmakdan zeýrenýän kürtlerden täze tarapdar gazanmaga mümkinçilik döreder diýip pikir edýäne meňzeýär.
Resulpur "Partiýanyň ýolbaşçylary harby işjeňlige, ýagny Eýran güýçlerine garşy goranyşa partiýanyň hereketjeňligi diýip düşünip, munuň halk arasyndan öz daýançlaryny güýçlendirjekdigine ynanýarlar" diýýär.
"Başga hili edip aýdanyňda, olaryň garaýşyça, ýaragly göreş olaryň işjeňligini, olaryň Eýranda häkimiýet başyndakylara kynçylyk döredip bilýändigini aňladýar" diýip, Resulpur sözüniň üstüne goşýar.
Eýranyň "Kürt demokratik" partiýasynyň resmileri toparyň jeňçileriniň Eýran topragyna aralaşmagy dowam etdirjikdigini duýdurdylar.
Gazaply hereketler barada Eýran häkimiýetleri jemgyýetçilige näme maglumat berýärler?
Eýranyň ”Rewolýusiýa sakçylarynyň” harby ýolbaşçylary özleriniň "rewolýusiýa garşy toparlar bilen ilteşikli terroristlere" garşy uruşýandyklaryny aýdýarlar. Olar şeýle hem öz güýçleriniň serhet etraplarynda bolýan "her bir gymyldyny" sypdyrman yzarlaýandyklaryny we "terroristlere" halkyň "durnukly asudalygyny we howpsuzlygyny" bozmaga ýol bermejekdiklerini tekrarlaýarlar.
Eýranyň ”Rewolýusiýa sakçylarynyň” gury ýer güýçleriniň serkerdesi Mohammad Pakpur ”Rewolýusiýa sakçylarynyň” "Kürt demokratik" partiýasynyň Yragyň Kürdüstan regionyndaky pozisiýalaryna hüjüm etmegi mümkin diýip, duýduryş berdi.
Üstümzidäki hepde ýerli habar serişdeleri Pakpura salgylanyp, "Bu terroristeleriň esasy bazalary demirgazyk Yrakda bolansoň, olar özleriniň howpsuzlyga garşy çäre görmezlik barada beren wadalarynda durmasalar, olaryň bazalary, nirede hem bolsa, nyşana alnar" diýip habar berdiler.
2011-nji ýylda Eýran başga bir kürt pitneçi topary bolan "Kürdüstanyň erkin ýaşaýyş" partiýasynyň Yrakdaky lagerlerine zarba urdy.
Söweşiň Eýrana çynlakaý howpy barmy?
Eýranyň "Kürt demokratik" partiýasy öz toparynyň güýjüni we onuň eýranly kürtleriň arasyndaky goldawyny näçe öwse-de, analizçiler bu partiýanyň Eýrana harby taýdan bir çynlakaý howp bolup durmaýandygy bilen umaman ylalaşýarlar.
"Eýranyň 'Kürt demoratik' partiýasy territoriýa basyp alyp, ony öz elinde saklarlyk ýa Eýranyň ýaragly güýçlerine düýpli zyýan ýetirerlik derejede däl, munuň sebäbi hem Eýranyň kürt ilatynyň demografik paýynyň azlygy. Galyberse-de, olaryň geçen ýigrimi ýyllykda harby işjeňligi, hatda sadaja harby türgenleşigi-de bolmady. Olar Eýran döwletine bir uly möçberde problema döredip biljek ýagdaýda däl" diýip, Matin aýdýar.
Munuň Eýranyň regionyň başga ýerlerinde alyp barýan harby işleri bilen baglanyşygy barmy?
Çaknyşyklar Eýranyň Siriýadaky harby işlerine täsir etmejege meňzeýär.
Gazaply hereketler Eýranyň demirgazyk-günbatarynda dowam etse, Tähran hem öz wadasyny ýerine ýetirip, Eýran kürdüstanynda "Kürt demokratik" partiýasynyň bazalaryna zarba ursa, munuň regionda dartgynlylyk döretmegi mümkin.
Matin Yrak, Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkiýe ýaly ýurtlaryň näme reaksiýa görkezýänini görmeli. "Dartgynlygyň güýjemegi mümkin" diýýär.
Matiniň pikiriçe, Yrakdaky kürt partiýalary "strategik taýdan" Eýrana garaşlydyklary üçin "Kürt demokratik" partiýasyna Eýrana garşy gönükdirilen operasiýalaryny "uzak wagtlap" dowam etdirmäge ýol bermezler.