Berdimuhamedow özbek, hytaý prezidentleri bilen duşuşdy

Prezident Berdimuhamedow ŞHG sammitine hormatly myhman hökmünde, prezident Kerimowyň çakylygy bilen geldi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşkentde, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitinden öň Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimow, Hytaýyň prezidenti Si Jinping bilen duşuşdy diýip, türkmen, özbek we hytaý mediasy 23-nji iýunda habar berdi.

Yslam Kerimow öz türkmen kärdeşi bilen duşuşyk mahalynda onuň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň döwlet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmagyny iki ýurduň arasyndaky ynamdarlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýene bir mysaly hökmünde häsiýetlendirdi.

Şeýle-de habarda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösýändigi, ýokary derejeli duşuşyklaryň yzygiderli geçirilýändigi bellenilýär.

Resmi maglumatlara görä, Özbegistan Türkmenistana awtomobilleri, oba hojalyk tehnikalaryny, mineral dökünleri, azyk we beýleki harytlary eksport edýär, Türkmenistan bolsa Özbegistana nebit we nebit önümlerini iberýär.

«Podrobno.uz» habar gullugynyň maglumatyna görä, transport we tranzit pudagy türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň strategiki ugry bolup durýar we geçen ýyl Türkmenistanyň territoriýasyndan geçirilen özbek ýükleriniň möçberiniň 43 prosent ýokarlanandygy aýdylýar.

Türkmen we özbek prezidentleriniň duşuşygy mahalynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-gumanitar hyzmatdaşlyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek barada maslahat edilipdir, regional we halkara ähmiýetli meseleler boýunça pikir alyşylypdyr.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow Türkmenistanyň Özbegistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek isleýändigini aýdypdyr.

Aşgabat Pekiniň Guşak ýol gurluşygyny goldaýar

Türkmen prezidentiniň hytaýly kärdeşi bilen duşuşygynda hem iki ýurduň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahat edilipdir.

Hususan-da Berdimuhamedow Aşgabadyň Pekiniň «Belt and Road», ýagny Guşak we Ýol proýekti boýunça has işjeň hyzmatdaşlyk etmek isleýändigini bildiripdir. Pekin bu ýol gurluşygynda, Merkezi we Günbatar Aziýa arkaly, Hytaýy Ýewropa bilen birikdirmek maksadyny yzarlaýar.

Hytaýyň prezidenti Si öz ýurdunyň türkmen tarapynyň bu ýoluň gurluşygyna bildirýän goldawynyň we oýnaýan oňyn rolunyň gadyryny bilýändigini belledi diýip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de Si Hytaýyň Türkmenistan bilen aradaky strategik partnýorlugy baýlaşdyrmak üçin dürli ugurlarda edilýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň iki ýurduň hem sosial-ykdysady ösüşine goşant boljakdygyny nygtapdyr.

Ol türkmen mekdeplerinde hytaý diliniň öwrenilip başlanmagyndan hoşallygyny bildirip, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary hem ýokarlandyrmaga çagyrypdyr.

Mundanam başga, Si iki ýurduň kanun goraýjy we howpsuzlyk gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, «üç belanyň» - terrorizmiň, separatizmiň we we estremizmiň garşysyna berk durmaga, regional parahatçylygy we durnuklylygyny bile goramaga çagyrypdyr.

Prezident Berdimuhamedow hytaýly kärdeşiniň pikirlerini goldap, iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň berk syýasy we sosial esaslarynyň bardygyny belläpdir.

Prezident Berdimuhamedow ŞHG-nyň Daşkentde geçýän sammitine hormatly myhman hökmünde, prezident Kerimowyň çakylygy bilen geldi.

2001-nji ýylda döredilen guramanyň ýubileý sammitine Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan,Orsýet, Täjigistan we Özbegistan doly agza hökmünde gatnaşsa, Owganystan, Belarus, Hindistan, Eýran, Mongoliýa we Pakistan synçy hökmünde gatnaşýar. Ermenistan, Azerbaýjan, Kambodia, Nepal, Şri Lanka we Türkiýe bu sammite dialog partnýorlary hökmünde gatnaşýar.