Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza we synçy statusynda gatnaşýan ýurtlaryň prezidentleri bu guramanyň sammitine gatnaşmak üçin 23-nji iýunda Özbegistanyň paýtagty Daşkente bardylar.
ŞHG-nyň liderleri iki gün dowam etjek bu duşuşygyň çäginde regional howpsuzlyk we Owganystandaky häzirki ýagdaýy öz içine alýan meseleler barada maslahat edýärler.
22-nji iýunda Kreml bu maslahatyň dowamynda Sanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümine 2017-nji ýylda Hindistany we Pakistany goşmak ähtimallygynyň hem maslahat ediljekdigini mälim etdi.
Bu ýurtlaryň ikisiniň hem Daşkentde geçirilýän sammit döwründe ŞHG-na resmi taýdan kabul edilmegine garaşylýardy.