Türkmenistanyň baş kanunynyň rejelenen görnüşini sentýabrda geçjek Ýaşululylar maslahatynda soňky gezek geňeşip, soň parlamentde kabul etmek planlaşdyrylýar. Käbir oppozisiýa agzalary bolsa, prezidentiň «ömürlik» bolmagyndan alada bildirýärler.
Türkmen parlamentiniň spikeri Akja Nurberdiýewa 9-njy iýunda Moskwada rus kärdeşleri bilen duşuşyp, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň soňky gezek Ýaşulular maslahatynda, sentýabrda ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, şondan soňra parlamentde kabul ediljekdigini habar berdi.
Şeýle-de ol bu kanun aktynda «bilim, ekologiýa, ýurtda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň statusynyň döredilmegi babatda örän köp düzedişiň bardygyny» aýtdy.
Nurberdiýewanyň tassyklamagyna görä, täze kanun taslamasynda ilatyň abadançylygyna gönükdirilen köp düzediş bar.
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow soňky çykyşlarynyň birinde Baş kanunyň rejelenen görnüşinde ilata berilýän ýeňilliklere hem gaýtadan seretmelidigini duýduryp, garaşsyzlygyň başky ýyllarynda kabul edilen käbir kararlaryňbazara geçmekde päsgelçilik döredýändigi baradaky pikirlerini gaýtalady.
Ikinji tarapdan, Baş kanunyň rejelenen görnüşinde prezidentlik möhletiniň, «ilatdan gowşan teklipler esasynda», bäş ýyldan ýedi ýyla çenli uzaldylmagy, prezidentiň ýaş çäginiň düýpden aýrylmagy bilen bagly aladalar eşidilýär.
Türkmenistanyň bosgunlykdaky Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow golaýda türkmen prezidentiniň adyna açyk hat çap edip, ony ömürlik prezident bolmak, soň bolsa ýerine agtygyny geçirmek maksadynda aýyplady.
Jenap Hanamow Azatlyk radiosynyň«näme üçin beýle pikir edýärsiňiz?» diýen soragyna Wenadan telefon arkaly şeýle jogap berdi:
«Öňki konstitusiýa boýunça prezident diňe iki möhlet bolmaly, emma indi ony hem üýtgetmekleri mümkin, täjikler ýaly. Ýa şolardan görelde alýamy, nämemi? Bolýan zatlary analiz edip görseň, ol şoňa barýar...»
Mälim bolşy ýaly, prezident Berdimuhamedow 2014-nji ýylyň maýynda ýurduň Baş kanunyny kämilleşdirmek boýunça ýörite komissiýa düzmegi, kanun düzedişleriniň jemgyýetçilik bilen maslahatlaşylmagynybuýurdy.
Emma ýerli synçylar, öňki ýyllardan tapawutlylykda, häzir Baş kanuna girizilýän düzedişleriň ilat bilen açyk maslahatlaşylmaýandygyny habar berýärler. Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew Azatlyk radiosynyň «türkmen metbugatynda konstitusiýa düzedişler barada çekişme barmy?» diýen soragyna «ýok» diýip jogap berdi.
“Diňe gowy konstitusiýa kabul ediljek diýip, käwagt aýdylýar, bolany. Plan maddany şeýle üýtgetmeli, zat diýip, öň 3-4 konstitusiýanyň üýtgedilişini gördük. Aýdylýan teklipler hasaba alynsa-alynmasa-da metbugatda berilýärdi, o zatlar ýok» diýip, Bugaýew aýtdy.
Türkmenistanyň häzirki konstitusiýasy boýunça iş başyndaky prezident G.Berdimuhamedowyň ikinji möhleti 2017-nji ýylda tamamlanmaly. Ol ikinji gezek 2012-nji ýylda prezident saýlanypdy.
1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen türkmen konstitusiýasyna mundan ozal 1995-nji, 1999-njy, 2003-nji we 2008-nji ýyllarda düzediş girizildi.
Türkmenistanyň öňki prezidenti S.Nyýazow 1999-njy ýylyň aýagynda ýurduň parlament agzalary tarapyndan «ömürlik prezident» diýlip ykrar edildi.