Eýranly aktiwistiň suraty jedel döretdi

Şadi Sadr yslam sungat eserlerine häsiýetli nagyşlar bilen bezelen oturgyjyň üstünde otyr.

Tanymal eýranly adam hukuklary adwokaty we aýallaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistiň sosial ulgamda ýerleşdiren bir suraty çekeleşikli jedellere sebäp boldy. Bu suratda ol yslam sungat eserlerine häsiýetli nagyşlar bilen bezelen oturgyjyň üstünde otyr, elinde hem bir bulgur şerap bar.

Şadi Sadryň oturan oturgyjy Eýranda aşurada, ýagny Muhammet pygamberiň agtygy Ymam Huseýniň hatyrasyna geçirilýän çärelerde ulanylýan material bilen örtülen. Bu ene-atasy 1990-njy ýyllaryň aýaklarynda beýleki intellektuallar we syýasy aktiwistler bilen bir hatarda Aňtaw ministrliginiň agentleri tarapyndan öldürilen eýranly sungatçy Parastu Foruharyň eseri.

Eýranyň konserwatiw habar serişdeleri, şol sanda Yslam rewolýusion sakçylary korpusy bilen baglanyşykly habar gullugy "Fars", Sadry yslamyň mukaddes zatlaryna dil ýetirenlikde we yslam gymmatlyklaryna hormatsyzlyk edenlikde aýypladylar.

“Dini mukaddesliklere dil ýetirmek üçin bir tutaryk”

2009-njy ýylda geçen prezidentlik saýlawlaryndan soňra edilen basyşlarda tussag edilmekden gorkup, Eýrandan gaçyp çykan aktiwistleriň we intellektuallaryň biri bolan Sadr Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda suratyň kemsidiji tarapynyň ýokdugyny, özüniň ony Eýranda dine ynanmaýanlaryň agyr ýagdaýyna adamlaryň ünsüni çekmek üçin sosial ulgamda ýerleşdirendigini aýtdy.

Döwlet telewideniýesiniň bir habarynda şeýle diýilýär: "Gaçgak feminist we aýallaryň hukuklaryny goraýjy žurnalistsumak Şadi Sadr özüniň günbatarçylyk düşünjelerinde täze faza girip, indi Eýran milletiniň gymmatlyklaryna we mukaddesden mukaddes belgilerine, [Ymam Huseýniň] ýas belgisine dil ýetirýär".

Habar gullugy "Fars" Sadry ençeme ýyl bäri yslam prinsiplerini sorag astyna alýanlykda aýyplap, onuň suratyny "dini mukaddesliklere dil ýetirmek üçin bir tutaryk" diýip atlandyrdy.

"Fars" habar agentliginiň saýtynda "bir topar professorlar we hukuk ekspertleri" tarapyndan ýerleşdirilen beýannamada Sadryň ekstradisiýa edilmegi, suda çekilmegi we onuň "dine garşy" eden göçümi üçin jezalandyrylmagy talap edilýär.

Gyzykly gapma-garşylyk

Beýannamada şeýle hem yslamyň jeza kanunynda mukaddes gymmatlyklara we keramatly şahsyýetlere dil ýetirenleri, günäli tapylan halatynda, ölüme ýa-da bir ýyldan bäş ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edip bolýandygy aýdylýar.

Sadryň Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna Londondan telefon arkaly aýtmagyna görä, ol suraty sosial ulgamda özüniň "gyzykly gapma-garşylyk" diýip, düşünen zadyny görkezmek isländigi üçin ýerleşdiripdir.

"Deň-duşlarym bilen aşura çäreleri, ýatlamalar, çagalykda edinilen tejribeler hakda gürleşip otyrkak, oturgyjyň üstündäki materiallar, oturgyjyň özi we meniň elim bulgurly, onuň üstünden oturmagym bir gapma-garşylykly zatdy. Muňa göz ýetirenimden soň şol ýerdäkileriň birinden meni surata düşürmegini haýyş etdim" diýip Sadr aýdýar.

Ol soňra hem: "Men bir zenanyň şol oturgyçda hijapsyz, şatlykly oturmagy gyzykly gapma-garşylyk diýip pikir etdim. Bu Eýranda dine ynanmaýanlaryň diniň adyndan köp azatlyklardan mahrum edilýändigini görkezýär. Başga zat ýok" diýip, sözüniň üstüne goşýar.

“Basym jezalandyrylmaly”

Sadr öz suratynyň Yslamyň mukaddes gymmatlyklaryna dil ýetirmekdigini ret edip, şeýlede diýýär: "Men bir şaýy maşgalada önüp-ösen adam, bu medeniýet bilen ýeterlik derejede tanyş, şol sebäpden bu suratyň kemsidiji tarapynyň ýokdugyny bilýärin".

Onuň pikiriçe, tankytçylaryň gahar-gazabyna sebäp bolan suratyň gapma-garşylygy aýyl-saýyl edip görkezýändigi, bu Eýran jemgyýetinde seýrek duşýan zat.

Sadryň suratyna "Instagramda" 34 müňden agdyk teswir geldi, bularyň köpüsi hem atylýan haýbatlar, berilýän duýduryşlar.

Teswirleriň birinde: "Sen köpsanly adamyň ynanjyna dil ýetirdiň. Bu, dogrudan, ýaramaz zat" diýilýär.

Ýene biri Sadryň basym "jezalandyrylmagyny" arzuwlaýar.

Käbirleri hem Sadry ýerleşdiren suraty üçin taryplaýarlar: "Nähili ajaýyp surat, oňaýly gujur-gaýrat" diýip bir aýal ýazýar. Ol soňra hem muňa gaharlanýanlar "köşeşmegi" öwrenmeli diýip sözüniň üstüne goşýar.

"Instagram" Sadryň suratyny 31-nji maýda saýtdan aýyrdy. Sebäbi hem Sadra aýdylmandyr.