Şahyryň 'kyn hakykaty aýtmak' borjy

Reýçel Tzwia Bak

Şahyr we terjimeçi Reýçel Tzwia Bak Galileýde, garry atasynyň 1830-njy ýyllarda ýurt tutunan ýerinde ýaşaýar.

Ol dört sany goşgular ýygyndysynyň, dört sany terjimeler ýygyndysynyň awtory. Onuň ysraýyl şahyrlarynyň 42-siniň Günbatar kenaryň basylyp alynmagyna garşy ýazan goşgulary esasynda taýýarlan terjimeler ýygyndysy (With an Iron Pen: Twenty Years of Hibrew Protest Poetry) we ýene bir terjimeler kitaby (In the Illuminated Dark: Selected Poems of Tuvia Ruebner) baýraga mynasyp boldy.

Golaýda "Dünýä edebiýaty" žurnaly Bakyň täze kitabyndan ("What Use Is Poetry, the Poet Is Asking") birnäçe goşgyny çap etdi.

Reýçel Tzwia Bak, goşgularynyň öňünden ýazylýan gepbaşyda aýdylmagyna görä, poeziýanyň güýjüni, hususan-da öz regionynda, protest bildirmekde, dowam edýän konfliktiň we ýalançylygyň ýüzüne gelip, kyn hakykaty aýtmakda görýär.

Biz ysraýyl edebiýatynyň gaýtawul akymynyň tanymal wekilleriniň biriniň uruşdan gaçyp, deňizde gark bolan siriýaly oglanjyklara - Aýlan we Galip Kürdä bagyşlan goşgusynyň terjimesini Azatlygyň okyjylaryna ýetirmegi zerur bildik.

Aýlan Kürdi (ç) agasy Galip bilen

Kiçi doganyň aýdymy

Men ojagaz kiçijikden,
inijikden özge pikir
edip bilemok indi.
Ol öz kakasynyň elinden tutup,
bireýjejik ýüzjagazyn galdyryp,
göýä diýrsiň kamera
girjek ýaly göründi.
A dünýe durşuna onuň
ýasalandy jandan eziz
gardaşlygyndan kiçi,
sebäbi ol öz ýaşajyk
agasynyň dünýäsinde
goraglydy iki esse,
hatarsyzdy iki esse,
nirä göçse ynsan göçi.

2

Onuň kiçijik jesedi
guçandan soň kenary,
bu dünýäniň hiç hili
galmaly däl namys-ary.

3

Uly dogan nirde eýsem?
Nirde onuň çynçyl hemem
siňe bakýan göreji?
Çynçyl deňiz aldy ony,
galan ýalaky öji.

4

Eger-de agyryň, derdiň
sesi bolan bolsady,
dünýe durşuna iňňildi,
azar bordy diňmez dady.

5

Indi hemişelik
ýitirlen, solan,
boş ellerde tutulan
aýdylmajak aýdym ol.

Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar

Kiçi doganyň aýdymy