“Gazprom” türkmen tarapy bilen gepleşiklere taýýardygyny aýdýar

“Gazprom-Eksport” Stokgolmyň arbitraž sudunda “Türkmengaz” bilen bagly meselä garalmagyny inisirläpdi.

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy “Türkmengaz” döwlet konserni bilen jedelli meseläni, sud prosesine girişmezden, özara ylalaşyk esasynda çözmäge we bu ugurdaky gepleşiklere başlamaga taýýardygyny mälim etdi. Bu barada “Gazpromuň” dolandyryşynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew Moskwada gurnalan metbugat ýygnagynyň dowamyndaky çykyşynda aýtdy.

Arza

Bu meseläniň taryhy barada gürrüň edilende, geçen ýylyň iýulynda “Gazprom-Eksport” Stokgolmyň arbitraž sudunda “Türkmengaz” döwlet konserni bilen bagly meselä garalmagyny inisirläpdi.

“Gazpromuň” dolandyryşynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew

Rus kompaniýasy öz arzynda “Türkmengazdan” satyn alýan gazynyň bahasyna gaýtadan seredilmegini sorapdy.

Mundan öň, Türkmenistan “Gazpromuň” 2015-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistana tölemeli gaz töleglerini töläp bilmeýändigini aýdyp, “Gazprom” kompaniýasyny “tölege ukypsyz” diýip yglan edipdi.

Ylalaşyk

Şu ýylyň ýanwarynda bolsa “Türkmengaz” döwlet konserni “Gazprom-Eksport” kärhanasynyň, 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, türkmen gazyny satyn almak baradaky özara Ylalaşygy möhletinden has öň, birtaraplaýyn görnüşde ýatyryp, türkmen gazyny almagyny bes edýändigini habar beripdi.

“Gazprom” hem öz gezeginde özara Ylalaşygyň gazyň bahasy sebäpli bozulandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda konstruktiw pozisiýada durmaýandygyny öňe sürüpdi. Şu ýylyň martynda bolsa rus nebit-gaz kompaniýasy, anyk maglumatlary bermese-de, “Türkmengazy” Ylalaşygy “ýatyrmaga sebäp bolýan şertleri göre-bile döretmekde” aýyplady.

"Gepleşige taýýar"

“Gazpromuň” dolandyryşynyň başlygynyň orunbasary Aleksandr Medwedew bu mesele bilen bagly eden soňky çykyşynda: “Eger-de Ylalaşygy ýatyrmak üçin esaslar bolmadyk bolsa, ol bozulmazdy. Biz Ylalaşygyň näme sebäpden ýatyrylandygy baradaky sebäpleri bu gün aýan etmekçi däl. Bu meseläni çözmek, geljekde [türkmen gazynyň] importyny [ýaňadandan] ýola goýmak mümkinçilikleri saklanyp galýar. Biz türkmen kärdeşlerimiz bilen duşuşmaga taýýardygmyzy mälim edýäris. Gynansak-da, biz [gepleşikleriň] ýerini we wagtyny häzirlikçe ylalaşamzok” diýdi.

Medwedew sözüni dowam etdirip: “Bilşimiz ýaly, häzir arbitraž prossesi gidýär. Bu [proses] islenilişi ýaly tiz netije bermän hem biler. Şol sebäpli biz özümiziň (şol sanda nyrh meselesi boýunça) getiren delillerimiziň diňe bir nazara alynman, eýse kommersiýa netijesi hökmünde kompensasiýa ediljekdigine umyt bildirýäris” diýdi.

“Türkmengaz” rus tarapynyň eden bu soňky çykyşy bilen baglylykda häzirlikçe hiç hili resmi beýanat bilen çykyş edenok. Azatlyk Radiosynyň degişli türkmen resmilerinden bu barada kommentariý almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Türkmenistan bilen Orsýetiň arasyndaky gaz söwdasy 2003-nji ýylda baglaşylan döwletara Ylalaşyk esasynda amala aşyrylýardy. 2028-nji ýyla çenli özara hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýan bu dokumente laýyklykda, her ýylda Orsýete 80 milliard m3 türkmen gazyny akdyrmak göz öňünde tutulýardy.

Gazyň agzalýan Ylalaşykda göz öňünde tutulan möçberine garamazdan, Russiýa satyn alýan türkmen gazynyň möçberini ýyl-ýyldan azaltdy. “Reuters” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, 2008-nji ýylda Russiýa 40 milliard m3 türkmen gazy akdyrylan bolsa, 2009-2014-nji ýyllar aralygynda bu görkeziji 10-11 milliard m3-e çenli azaldyldy. 2015-nji ýylda bolsa rus kärhanasy Türkmenistandan satyn alýan gazyny 4 milliard m3-e çenli azaltdy.