Türkmenistanyň serhet galalalarynda esgerler üçin ir-iýmişleri, gök önümleri ýetişdirjek ýyladyşhanalary gurmak barada görkezme berildi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada geçen şenbe güni Aşgabadyň etegindäki serhet galalarynyň birine eden saparynyň dowamynda tabşyryk berdi.
21-nji maýda Berdimuhamedow serhet galasyna aýlanyp, ol ýerdäki ösüp oturan agaç nahallaryna “degişli” ideg edilmeýändigini we saýaly baglar bilen birlikde miweli agaçlaryň hem ösdürilip ýetişdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.
Prezidentiň öz sözleri bilen aýdylanda, “öz elleri bilen ösdürilip ýetişdirilen miweleri iýmegiň harby gullukçylaryň sagdyn iýmitlenmeginde ähmiýeti uly bolar”.
Şeýle-de Berdimuhamedow ýurduň Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysy Begenç Gündogdyýewe ýurduň ähli serhet galalarynda ýyladyşhana hojalygyny döretmek barada-da görkezme berdi.
Prezident öz bu görkezmesiniň maksadynyň “tutuş ýylyň dowamynda serhetçileri ýokumly gök önümler bilen üpjün etmekden” ybaratdygyny aýtdy.
Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň düzüm böleklerinde hem ýyladyşhanalary we kömekçi hojalyklary gurmak barada ýörite tabşyryk berdi.
Prezident miweli baglaryň esgerleriň “öz elleri blen ösdürilip ýetişdiriljekdigini” aýtsa-da, göz öňünde tutulýan ýyladyşhanalarda esgerleriň özleriniňmi ýa-da daşyndan tutulan işgärleriň işlejekdigini aýdyňlaşdyrmady.
Şeýle-de tutuş ýurt boýunça durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan bu çäreleriň nähili tertipde durmuşa geçiriljekdigi we munuň üçin goşmaça maliýe serişdeleriniň goýberilip-goýberilmejekdigi hem näbelli bolup galýar.
Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, ozalky prezident Saparmyrat Nyýazowyň döwründe öz harby gulluk borjuny berjaý edýän esgerler köpçülikleýin ýagdaýda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda aýlyksyz işlemäge mejbur edilipdiler.
Ýurtda býujet işgärleriniň sanawy kemeldilip, olaryň deregine çagyryş boýunça gulluk edýän esgerler keselhanalarda sanitaralar, senagat kärhanalarynda hem-de edaralarda sakçylar, ýangynçylar hem-de ýol hereketiniň gözegçileri bolup işläpdiler.
S.Nyýazow 2004-nji ýylda eden çykyşlarynyň birinde harby gullukçylary oba-hojalyk işlerine, maldarçylaga çekmek barada hem gürrüň edipdi.
Bu düzgün G.Berdimuhamedowyň döwründe ýatyrylan-da bolsa, häzirki wagtda prezidentiň soňky tabşyryklary bilen bagly esgerleriň ýene-de harby gulluk bilen bagly bolmadyk işlere gaýtadan çekilmek mümkinçilikleri dogrusynda soraglar orta çykýar.
Azatlyk Radiosynyň bu mesele boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden nähilidir bir kommentariý ýa-da düşündiriş almak synanyşyklary netije bermedi.