IKEA türkmen pagtasyndan ýüz öwrüp biljekdigini aýdýar

IKEA söwda merkezi.

Mebelleri we öý hajatlary üçin esbaplary ýasaýan we satýan dünýä belli kompaniýa Türkmenistanda pagta ýygymy döwründe mejbury zähmet ýa-da adam hukuklarynyň depelenmegi ýaly ýagdaýlary ýüze çykarsa, türkmen pagtasyndan ýüz öwürjekdigini aýdýar.

IKEA kompaniýasy Türkmenistanyň pagta pudagyndaky zähmet şertleri barada ençeme tapgyr gepleşikleriň geçirilendigini mälim edip, bu dogrusynda ýörite beýanat ýaýratdy.

IKEA mejbury çäklendirilen ýa-da çaga zähmetini kabul ederliksiz hasaplaýandygyny, şeýle-de bu ýagdaýlaryň öňüni almak we adam hukuklaryny goramak ugrunda köp tagalla edýändigini belleýär.

Kompaniýa Türkmenistandaky pagta pudagyndaky meselelerden habarlydygyny nygtap, Türkmenistanda iş alyp barmak baradaky kararynyň dowamly seljerilýändigini hem belläp geçýär.

Şwesiýada esaslandyrylan IKEA, özüniň iş we adam hukuklary babatyndaky standartlaryna laýyklykda iş alyp barmak üçin, Türkmenistanda goşmaça çäreleriň görülýändigini aýan edýär.

Elýeterli edilen maglumatdan çen tutulsa, onda IKEA-nyň Türkmenistanda “çäkli üpjünçiligi” bar: Türkmenistanda diňe bir üpjünçi ýurduň iki sebitinde ýygylýan pagtadan iki önümi taýýarlaýar.

Ýurtda 125 sany daýhana “Better Cotton” standartlaryna we prinsiplerine laýyklykda tälim berlen. Üpjünçi IWAY standartlaryna görä, hem IKEA, hem-de üçünji tarapyň auditorlary tarapyndan barlanýar. IKEA-nyň bellemegine görä, pagta ýýygymy döwri hem meýdanlarda degişli gözegçilik işleri alnyp barylýar.

IKEA Türkmenistanyň pagta pudagynyň oňaýly tarapa özgermegi ugrunda ýurtda häli-häzir iş alyp barmagyny dowam etdirjekdigini aýtsa-da, öz barlaglarynyň dowamynda mejbury zähmet ýa-da adam hukuklarynyň bozulmagynyň beýleki ýagdaýlary ýüze çykarylsa, türkmen pagtasyndan ýüz öwürjekdigini nygtaýar.

Gepiň gerdişine görä ýatlatsak, şu ýylyň fewralynda başga bir şwed kompaniýasy Türkmenistandan pagta almagyny doly duruzdy. Erkekler, aýallar, ýetginjekler we çagalar üçin döwrebap egin-eşikleri öndürýän tanymal H&M kompaniýasy muňa Türkmenistanda pagta ýetişdirilende we hasyl ýygylanda çaga zähmetiniň ulanylmagynyň sebäp bolandygyny mälim etdi.

Şol bir wagtda “Pagta kampaniýasy” diýen şygar astynda işleýän topar gowaça meýdanlarynda mejbury zähmetiň soňuna çykylmagyny talap edip, geçen sentýabrda ilkinji gezek Türkmenistana basyş görkezdi.

“Pagta kampaniýasy” özüniň ýaýradan beýanatynda: “Global geýim-eşik kompaniýalary, Türkmenistanda mejbury zähmet netijesinde öndürilen pagtadan gaça durmak üçin, bir ýere jemlenip, türkmen hökümetini pagtaçylyk pudagynda mejbury zähmetiň soňuna nokat goýmaga çagyrmaly” diýip belläpdi.

“Pagta kampaniýaçylary” türkmen hökümeti gowaça meýdanlarynda pagta ýygymy möwsüminde mejbury zähmetiň ulanylýandygy bilen bagly bildirilýän aladalara öz wagtynda degerli jogap bermedi diýýärler.