Türkmenistan, intellektual eýeçilik hukuklary boýunça Birleşen Ştatlaryň prezidentiniň ýerine ýetiriji edarasynyň “gözegçilik astyndaky ýurtlarynyň” sanawynda saklanyp galýar. 2015-nji ýylda Türkmenistany bu sanawdan çykaryp-çykarmazlyk barada gürrüň edilipdi, diýlip ABŞ-nyň hasabatynda aýdylýar.
“Emma muňa garamazdan, Birleşen Ştatlar Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukuklarynyň goraglylygy dogrusynda alada edýär” diýlip, şu ýylyň aprel aýynda ýaýradylan hasabatda bellenilýär.
Eýse, Türkmenistanda intellektual eýeçilik hukuklarynyň bozulmalaryna durmuşda nähili ýagdaýda duş gelse bolýar?
Azatlyk Radiosy bu sorag bilen gyzyklanyp, aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar