1-nji maýdan başlap Balkan welaýatyndaky “Awaza” syýahatçylyk zolagyna hususy awtoulaglaryň goýberilmeýändigi habar berilýär. Maglumata görä, bu ýagdaýyň Hazar deňziniň kenarynda dynç almaga barýan ýaşaýjylara we bu ýerdäki hususy taksilere oňaýsyz täsir ýetirýändigi aýdylýar.
Azatlyk Radiosy bu gadagançylyk, onuň girizilmeginiň bolaýmagy mümkin sebäpleri barada ýakynda Balkan welaýatyna sapar edip gelen aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar