Bu dünýe sahna durşuna

Wilýam Şekspiriň portreti

Dünýä meşhur britan şahyry we dramaturgy Wilýam Şekspiriň aradan çykan gününiň 400 ýyllygyna gabat 15 ýurtda 18 müň adamyň arasynda geçirilen pikir soraýyş onuň öz watanyna garanda Meksikada, Brazilde has meşhurdygyny görkezdi.

Umuman alnanda bolsa, geçirilen barlaga görä, Şekspiriň daşary ýurtlarda meşhurlygy 65 prosent, Angliýada bolsa 59 prosent bolupdyr.

Wilýam Şekspiriň eserleri, şol sanda "Romeo we Julýetta", "Riçard III", "Nadaranyň nogtalanyşy" sowet ýyllarynda tanymal terjimeçi Annaly Berdibew (1932-2001) tarapyndan türkmen diline hem geçirilip, sahna çykarylypdy.

Şekspiriň ýogalan gününiň (23-nji aprel) 400 ýyllygyna gabat Azatlygyň okyjylaryna onuň bir goşgusynyň iňlisçeden terjimesini hödürleýäris.

Bu dünýe sahna durşuna

Bu dünýe bir sahna tutuşlygyna,
Onsoň ähli aýal-erkek diňe oýunçy munda;
Hem olaryň öz çykary, gireri bar oýunda,
Hem her kimiň köp görnüşli oýny bar,
Ýagny her kes çykyş edýär bolman ýedi rolda.
Ilki izzik bäbek bökýän enekäniň golunda,
Soň iňirdek, egni kitap bukjaly,
Säher ýüzi ýalpyldaýan, ýöne nalaç okuwçy,
Gurçuk kibi, her gün irden mekdep sary süýrenýän.
Soňra aşyk, otly peç deý haşşyldap,
Ýar gaşyny güldürmäge gamgyn oda bagyşlan.
A soň esger, dykalanan her hili geň kasamdan,
Gaplaň ýaly sakgallak. Namys üçin ölüşýär,
Birden tapyp dawa-jenjel, kör abyraý almakçy,
Hatda topuň agzyndan. A soňundan kazy ol,
Tos-togalak garynly, bakylan horaz mysaly,
Gözleri gazaply, göýä bir dindar,
Sakgaly gyrkylan şolaňky ýaly,
Sözi doly akyldan, gürleýär nakyl bilen;
Şeýdip ol öz bölümini oýnaýar. Geçýär altynjy bölüm
Içine dar hem şypbykly balagyň,
Gözlerinde äýnek, elinde halta,
Ozalky eşikler gowy saklanan,
Emma indi holpuk bolýar
Bir gysyma gelen gojaman göwrä,
Öňki ýognas sesi çagaňka dönüp,
Jyňňyl-jyňňyl edip ýaňlanýar çasly.
Şu-da hemme sahnaň soňy,
Geň-enaýy senelere baý bolan,
Hem ikinji çagalyk we huşsuzlyk,
dişsizlik, gözsüşlik, duýmazlyk tagam,
a soň hemme zatsyzlyk.