Aziýa Ösüş banky Türkmenistana 1 milliard dollar karz pul bermegi göz öňünde tutýar. Azerbaýjanyň ”Trend habar” agentliginiň ýazmagyna görä, bu serişde ýurduň demirýol proýektlerine sarp ediler.
Agzalýan bankyň merkezi we günbatar aziýa bölüminiň direktory Sean O Sulliwana salgylanylyp çap edilen habarda, bu serişdäniň 2016-2017-nji ýyllar üçin göz öňünde tutulýandygy mälim edilýär.
Jenap O Sulliwan Türkmenistanyň “Neytralnyý Turkmenistan” gazetine beren interwýusynda Türkmenistanyň energiýa gorlaryna ummasyz baý ýurtdugyny, onuň ýerleşýän ýeriniň strategiki taýdan ullakan ähmiýete eýedigini, netijede agzalýan bankyň ýurduň transport, energiýa we hususy sektoryny ösdürmek boýunça pudaklar bilen aýratyn gyzyklanýandygyny aýdýar.
Ol aýratynam Demirgazyk-Günorta demirýol proýektiniň Aziýa Ösüş banky bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýandygyna ünsi çekýär.
Emma agzalýan bankyň Türkmenistana bermegi göz öňünde tutýan bu karz puly Aşgabadyň ykdysady taýdan dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolan pursatyna gabat geldi.
Ýurduň içinden gowuşýan maglumatlardan çen tutulsa, soňky ençeme aýyň dowamynda käbir şirketleriň öz işgärleriniň aýlyklaryny wagtynda töläp bilmeýändigi, ýurduň tebigy gaz pudagyna degişli käbir kärhanalarynyň bolsa hatda öz işgärleriniň sanyny azaldýandygy barada habarlar gelip gowuşýar.
Şeýle-de häzire çenli Türkmenistanda halk köpçüligine belli bir möçberde mugt ýa arzan bahadan berlip gelinýän suw, tok, ýangyç we duz ýaly önümleriň hem mundan beýläk pully edilmegi barada gürrüňler barýar.
8-nji aprelde, ýagny anna güni geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mugt berilýän önümler boýunça alnyp barylýan sýyasat barada durup geçip, bu syýasatyň ýurduň bazar ykdysadyýetine geçmegini bökdeýändigini aýtdy.
Prezident öz çykyşynda şeýle diýdi: “Garaşsyz döwletimiz kemala gelip başlan döwürlerinde ilatyň durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen girizilen, häzir bolsa özüni ödemeýän köp sanly ýeňillikler hem hereket edýär. Ine, bu ýeňillikler hem bazar ykdysadyýetine geçilmegini bökdeýär”.
Gürrüňi edilýän hökümet ýygnagynda maliýe pudagyna jogapkär iki ministr bilen birlikde ençeme pudak edaralarynyň ýolbaşçylary “işinde göýberen kemçilikleri sebäpli” diýen aýyplama bilen öz wezipelerinden boşadyldy we olaryň käbirine-de resmi käýinç yglan edildi.
Energiýa baý Türkmenistan beýleki ýurtlar bilen deňeşdirlende halkara walýuta fondlaryndan häzire çenli o diýen kän karz pul almazdan başyny çarap gelýärdi we bu ýagdaý ýurduň ýolbaşçylary tarapyndan yzygiderli üstünlik hökmünde häsiýetlendirilýärdi
Emma bu günki gün Aziýa Ösüş bankynyň Türkmenistana bermegi göz öňünde tutýan uly möçberdäki karz puly ýurduň maliýe pudagynyň häzirki düşen ýagdaýyndan hem belli bir derejede habar berýän bolsa gerek.
Mundan ozal Türkmenistanyň milli pulunyň hümmeti mazaly aşak gaçdy, ýurtda daşary ýurt walýutasynyň satuwyna gadagançylyk girizildi. Bu wakalar bolsa Orsýetde dowam edýän ykdysady krizise we halkara bazarynda ýangyjyň bahasynyň görnetin pese gaçan döwrüne gabat geldi.