Armytlar we halklaryň 'dostlugy'

Moskwa, Lýudmila Ulitskaýa kitaplaryna awtograf ýazyp berýär.

Ýazyjy we kinossenariçi Lýudmila Ulitskaýa "Russkiý Buker" baýragynyň ilkinji zenan laureaty boldy (2001), soňra onuň eserleri "Uly kitap" baýragy bilen sylaglandy (2007) we azyndan 25 dile terjime edildi.

Lýudmila Ulitskaýa ýazyjylygyny daşyndan jemgyýetçilik işlerine hem aktiw gatnaşýar, ol "Saýlawçylar ligasyny" esaslandyryjy boldy.

Lýudmila Ýewgenýewna 1943-nji ýylda Başgyrdystanda, maşgalasynyň ewakuasiýa edilen ýerinde dogulýar. Onuň atasy-da (Ýakow Samoýlowiç Ulitskiý), babasy-da (Boris Ýefimowiç Ginzburg) repressiýa sezewar bolýar we türmä basylýar.

Ulitskiler uruşdan soň Moskwa dolanyp gelýärler we Lýudmila şol ýerde mekdebi tamamlap, MDU-nyň biologiýa fakultetine okuwa girýär. Ol SSSR YA-nyň Umumy genetika institutynda iki ýyl işläp, 1970-nji ýylda işden çykýar.

Özüniň tassyklamagyna görä, Ulitskaýa şondan soň döwlet işinde işlemeýär. Ol ýazyjylygynyň daşyndan mongol dilinden goşgy hem terjime edýär.

Tanymal rus ýazyjysynyň bir hekaýasynyň rusçadan türkmençä terjimesini Azatlygyň okyjylaryna hödürleýäris.

Gudaut armytlary (Hekaýa)

Biziň hojaýynymyz Huta Kursua diwaryň beýle ýüzünde gark urup üsgürdi, ejemiň gözleri gorkudan tegelendi. Men, on ýaşymda, golaýda dertden saplanypdym, emma bu ýerde ýene inçekeselli bilen goňşy...

Hortaňdan görmegeý adam bolan Huta kireýine ýaşaýanlar bilen mylakatly, aýaly bilen gyňyr gürleşýärdi. Emma meni töweregimdäki adamlar az gyzyklandyrýardy: şol ýyl men ilkinji gezek deňzi görüpdim we tutuş bir aýlap munuň pikirini etdim.

Gündizlerine men kenarýaka zolakda suwa düşýärdim, ýogsa ejem maňa tas birinji günden ýüzmegi öwredipdi. Gijelerine bolsa şol bir duzly suwdaky jümpüldiler, belki-de has süýjülik bilen düýşüme girýärdi...

Güýzüne ejem adatça hojalyk aladalaryna çümýärdi, - bir zatlary duzlaýardy, kakadýardy, gaýnadýardy. Bu gezek onuň hojalykçylyk hyjuwy panar listlerinden ýasalan äpet çemodanda jemlendi. Ol ony bazar satyjysyndan haýyş etdi. Satyjy oňa onuň isleýşi ululykdaky çemodanyň bolmaýandygyny düşündirjek bolup, uzak jan çekdi, oňa derek iki sany kiçiräk çemodan almagy maslahat berdi. Emma ejem öz diýenine tutdy we ahyrynda şol öz isleýän äpet çemodanyna eýe boldy. Dikeldip goýaňda, ol ejemiň egine çenli ýetýärdi. Dogry, ejemiň boýy keltejikdi.

Çemodan armyda niýetlenipdi. Ejem ikimiziň öler janymyz armytdy. Bu ýer, Gudauty, awgustuň aýagynda armyt jennetine öwrülýärdi. Ejem şahasyndan tänjek-tänjek bolup duran armytlary gowy görýärdi: olar barmaklaryň aşagynda mylkarýardy, dişläňde bolsa, agyz boşlugyňy dolduryp, goýy bal bolup akýardy. Olardan bark urýan ys bolsa, parawozyň gudogy ýaly güýçlüdi.

Ýogsa-da, parawoz şäher bilen suwa düşülýän güzeriň aralygyndan, deňziň alkymjygyndan geçýärdi. Onsoň meniň çagalygymda şu bagtly üçlük saklanyp galdy: golaýda bolan tanyşlyk sebäpli täze we ýaş deňiz, güzeriň ýokarsyndan geçýän otly we ellerde eräp-akyp barýan armyt. Özem bularyň hemmesi entek ejemiň diriliginde, armyt yzyna armyt iýip, soňam döşüň bilen ýüňden edilen amerikan suwadüşeriniň, esli bolýançaň geýen kupalnigiň arasyna syrygan armyt şiresini ýuwmak üçin deňze ylgarsyň...

Gaýtmazymyzyň öňýany biz armyt satyn almak üçin goňşulykdaky baga gitdik. Ejem öňünden hojaýyn bilen gürleşipdi we ol Bera gyş armytlaryndan ýygyp goýmagy söz beripdi.

Ejem çemodanyny getirdi we ony hojaýynyň öňünde dabara bilen goýdy:
- Ine. Armytlar ezilmezmi?
- Armytlar edil daş ýaly, bal ýaly bolar. Maňa gulak as...
Olar hakykatdanam daş ýalydy – gökdi, ýeňse tarapy agyr, boýunlary bolsa inçedi.
- Bera-dýuşes, beýle armyt başga hiç kimde ýok. Meniň atam knýazyň bagbany bolan, özi ekdi, - ol baga tarap buýsanç bilen baş atdy.
Bagda dogumly kawkaz çagalary işleýärdi, olar biz üçin armyt ýygýardy. On dört ýaşlaryndaky gyzyl köýnekli oglan merdiwanda durdy. Ol, gyzan elektrik lampasyny gysymlan ýaly edip, armytlary emaý bilen şahasyndan üzýärdi we meniň bilen duşdaş gyzjagyzyň eline tutdurýardy. Ol gyz bilen biz tutuş bir aýlap haýýataşyr bir-birimize seredipdik, emma tanyşmandyk.
Armyt hojaýyny her armyty gazet bölegine dolap, çemodanyň bir çetinden bir-birden örýärdi. Biz oňa kömek edýärdik.

- Siz Kursualarda ýaşaýaňyz, şeýlemi? – Ol biziň Kursualarda ýaşaýanymyzy gaty gowy bilýärdi. Emma bu, köne ertekilerde bolşy ýaly, diňe başlangyçdy. - Mengrellerden kwartira almaly däl, kirli halk, medeniýete düşünmeýär, daglylar... emma abhazlylar has erbet, halys wagşy, adam jaýlaýyşlary dagy näteňet, aýdym aýtman, şagal ýaly uwlaýarlar... Olaryň naharlaram erbet, swanlaryňkydanam... swanlary bileňzokmy, hudaý görkezmesin, garakçylar, talaňçylar... çeçenlerdenem erbet... – ol armyda meňzeş syrtyny köweldip, gödeňsi ellerindäki gazet düwünçekleri bilen çemedonyň üstüne egildi, - ýöne indi çeçenler ýok, hemmesini göçürdiler, hudaýa şükür, ermenilerem göçürseler bolmaýarmy, gowy bolardy, söwda edýärler, hemmesi zat satýar, baý, emma ýene söwda edýärler, durup bilmeýärler, şeýle açgöz halk, turşuja ermenijikler... olaryň bir kemi türkler, - ol birden ýüzi açylyp, ýylgyrdy, - bizde azerbaýjanlar bar, olar edil türkler ýaly, gaharly, ýalta, emma hudaýa şükür, bärde az ýaşaýarlar, hemmesi ogry, syganlardanam erbet... emma hondanbärsi, tüf! Esasanam bakuwly azerbaýjanlar, it ýaly gyňyr... Itdenem erbet... Men dogrymy aýdýan, ejemden ant içýän! Bakuwly ermenilerem edil azerbaýjanlar ýaly... Tbilisili ermeniler bolsa, - ol çytylyp, ellerini salgady, garnynyň üstünden dartylan fartugyny düzetdi, - men olary golaýyma getiremok, ýewreýler gowurak… mende o ýyl şeýle bir ýewreýler ýaşady, hudaý görkezmesin, beýle adamlar nirden döreýärkä... Bärdäkilerden erbet... Onsoň gürjiler geldiler, şeýle bir hapaladylar, zol gaýnatdylar, gowurdylar, iki ýala aşhanadan çykmady, towuk ütýärler, ýelek çar tarapa gaýýar, üstesine aýdymam aýdýarlar... nämelerine aýdýarlar? - Ol bir zatlaryň pikirini edip, maňlaýyny çytdy, - imeretinsler! Olardan mäme alarsyň? Daýhanlar, şeýle dälmi? Hiç bir medeniýetleri ýok, üzümi kirli aýaklary bilen basgylaýarlar... Emma özlerine kimdirin öýdýärler!

Ejem ikimiz bir-birimiziň ýüzümize garanjakladyk. Ejem dodaklaryny gysyp, duluklaryny çişirip, gülüp öldi. Çemodan ýarty bolupdyr, emma hojaýyn aýalyň gürrüňi gutarmady. Armydam gutarmady, kawkaz halklary hem gutarmady...
Gyrmyzy merjenli uzyn gulakhalkalardan çykýan ownuk jaň sesi gulaklarda ýaňlanýardy. Meniň göwnüme bolmasa, ol garrydy, kyrk ýa altmyş ýaşlaryndady we örän gorkunçdy: ullakan, garamtyldan galyň gabakly gözleri, altyn dişleri bardy.

- Gürjiler näme? - Ol dowam etdi. - Göz gapýan tozan! Tüsse! Waý! Waý! - diňe boş gürrüň! Boş halk! Gürjiler nämemiş? Bu ýerde, Batumide ajarlylar bar, halk däl, duran bir gülki! - hemme kişiden erbet ýaşaýarlar, diňe mekgejöwen şülesini iýýärler, ýöne olaram... Özleri hakda köp oýlanýarlar!

Soňky hatarlar doldurylýardy. Ol armytlaryň bir hataryny saldamly ýerini aşak edip, indikisini bag tarpyny aşak edip örýärdi. kawkaz halklary - awarlar, osetinler, balkarlar, inguşlar we býlekiler, bizden ygtyýarsyz, aşak gaýdýan basgançak boýunça ýerli-ýerinde goýuldy, özem olaryň her indiki ýatlanýany öňkülerden has erbetdi.

Armytlar bilen halklar bileje, şol bir wagtda gutardy. çemodany ýerden gozgap bolmady. Onuň tutawajy ilkinji minutda gopup, ele geldi. Saraýdan iki tigirçekli çalamydar arabany çykardylar, bireýýämden bäri derwezäni agzynda tötänden gelen ýaly bolup duran Hutuny çagyrdylar. Onsoň ol eýýäm sandyga öwrülen çemodany ýerden galdyrmaga kömek etdi.

Ejem, ilki äpet çemodany wokzala eltýänçä, soň otla ýükledýänçä, ondan soň ony biz ýaly miweden doldurylan çemodanly kurortçylardan hyryn-dykyn plaskart wagonda ýerleşdirýänça, öz armyt açgözlüginiň ejirini çekme kemini goýmady. Biziň çemodanymyz beýleki çemodanlaryň arasynda patyşa ýaly saýlanyp durdy. Ol aşaky polkalaryň arasyndaky ähli giňişligi dolduryp ýatyrdy. Onsoň ejem ähli ýolagçylardan amatsyzlyk üçin ötünç soramaly boldy, aljyrady, hatda biraz sakawladam.

Moskwada bizi kakam garşylady we olam ejeme diýer ýaly ähli zady diýdi. Kakam ol çemodany iki sany hammal bilen, ejeme-de bir gyrasyndan itdirip, zordan diýen ýaly köneje "Moskwiçiniň" bagažyna ýükledi.

Bize düşnüksiz kawkaz dillerinde çykarylan gazet sahypalaryna dolanan armytlar şkaflarda haýaljakdan bişdi, otaglaryň içi bolsa, tä gyşa çenli armyt ysyndan burk urdy. Olar Täze ýyla çenli ýetdi we hatda şondan soňam birnäçesi galdy.

Armydyň tagamy we ysy häli-bu güne çenli hem şol halklaryň dostlugy baradaky hekaýaty ýadyma salýar. Ýogsa-da, Gudautdaky şol aýalyň öz milletini bilmän galdyk.