Brýusseliň Molenbeek etrabynyň ady bir ýyl mundan ozal-da dünýäde köp eşidilen at däldi. Ýöne 13-nji noýabrda Parižde bolan hüjümlerden we 22-nji martda Brýusselde partlan bombalardan soňra bu at Ýewropanyň öz içinde dörän yslamçy terrorizm bilen manydaş söze öwrüldi.
Munuň sebäbi hem Pariž we Brýussel hüjümlerinde galan yzlary yzarlanyňda, olaryň Belgiýanyň paýtagtynyň merkezinden sanlyja minut uzaklykda ýerleşýän takmynan 95 müň ilatly şu mähellä gelip direýänligi.
Pariž hüjümlerine gatnaşanlaryň azyndan üçüsi molenbeekli. Bu üçüň biri bolan we hüjümleri gurnanlykda güman edilýän Salah Abdeslam bolsa, 18-nji martda ele salynýança, birnäçe aýlap şu ýerde gizlenip gezipdir.
Molenbeekiň Ýewropada militant ysalmçy ekstremistleriň merkezine öwrülmegine näme zatlar sebäp bolduka?
Brýusseliň pajarlap ösýän merkezi bilen aralyk diňe sanlyja minut bolsa-da, dargap sandan galan Molenbeek onlarça ýyllap köplenç demirgazyk afrikaly migrantlary özüne çekip geldi. Käbir ýerlerde ilatyň 80 prosenti musulmanlar. Tutuşlygyna alanyňda, 30 prosent bolan işsizlik derejesi ýaşlaryň arasynda 40 prosente golaý.
Migrantlaryň öňki nesli Belgiýanyň awtoulag kärhanalarynda, kömür magdanlarynda işlän bolsa, ýurduň soňky ýyllarda senagata esaslanýan ykdysadyýete geçmegi soňky nesle işe ýerleşmäge köp mümkinçilik goýmady.
"Hem fransuz hem golland dilinde gürläp bilmeseň, ýa uniwersiteti gutaran bolmasaň, işläre kärhana ýok, iş ýok. Musulman ýaşlarynyň arasynda bolsa ýokary bilimi bolmadyklaryň sany 60 prosentden hem geçýär. Olar golland dilini-de bilenoklar" diýip, ekstremizm we terrorizm hakda köp zatlary ýazan belgiýaly awtor Bilal Benýaýiş aýdýar.
Onuň bellemegine görä, Molenbeekdäki problemalara goşant goşan ýene bir zat - Belgiýanyň Saudy Arabystany bilen amatly nebit söwdasyna gyzygyp, 1970-nji ýyllarda Aýlag arap döwletlerinde bilim alan wagyzçylara Belgiýa gelip, ýerli metjitlerde sapak bermäge rugsat edenligi.
Salafist wagyzçylar yslamyň sünni mezhebiniň beýlekilerden has radikal formasyny ösdürdiler. Bu hem soňra Belgiýa jemgyýetinde özüne orun tapmadyk ýaşlary läpykeç etdi. "Wagyzçylaryň Belgiýada musulman maşgalalarda doglan ýaşlara eden täsiri juda güýçli boldy" diýip, Benýaýiş öten noýabrda "Al Jazeera" telekanalyna beren gürrüňinde aýtdy.
Muňa Pariž bilen Brýusselde bolan hüjümler subutnama bolup biler. Bu hüjümleriň ikisiniň-de jogapkärçiligini "Yslam döwleti" atly topar öz üstüne aldy. Bu ekstremistik salafyçy guramanyň Molenbeekde we Belgiýanyň beýleki etraplarynda radikallaşan ýaşlary özüne çekenligi aýdylýar.
Adambaşyna hasaplanyňda Belgiýadan Siriýa baran söweşijileriň sany Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan ýokary. Brýusselde ýerleşýän "Egmont" ylmy barlag guramasynyň bildirmegine görä, Yraga we Siriýa giden belgiýalylaryň sany üç ýüzden gowrak.
Molenbeekden alynmaly ýene bir sapak yslamçy ekstremizmiň ozal jenaýat işlerine gatnaşanlygy sebäpli çetleşdirilen şahslary özüne çekýänligi.
Mysal üçin, Belgiýanyň federal prokurory Frederik Wan Leeuw 23-nji martda doganlar El Bakrawylaryň "terrorizm bilen baglanyşyksyz agyr jenaýatly geçmişiniň bardygyny" aýtdy.
Jenaýatkär toparlara degişli bolmaklyk terroristler üçin uly baýlyk hasaplanýar. Polisiýa tarapyndan militant diýip tanalmaýan adamlar olary howpsuz ýerlerde gizläp bilýär.
Pariž hüjüminden soňra polisiýa tutuş Ýewropada gözläp ýörkä Abdeslam edil şu sistemadan peýdalanypdyr. Käbir adamlar ony "Yslam döwleti" atly toparyň ekstremistleri Ýewropadan Siriýa ýa başga ýerlere äkidendir diýip çaklap ýörkä, ol Molenbeekden tapyldy. Köp wagtlap hem şol ýerde gizlenipdir.
Wan Leeuw 20-nji martda: "Abdeslam gizlenmek üçin ozaldan neşe söwdasy, ownuk jenaýat üçin gurlan we dostlaryndan hem garyndaşlaryndan durýan ulgama bil baglapdyr. Bu goňşularyň we garyndaşlaryň raýdaşlygy" diýdi.
Terror ulgamynyň Molenbeekde ösmegine goşant goşan ýene bir faktor bu ýerde ýarag edinmegiň aňsatdygy
Ekspertler Parižde 130 adamynyň başyna ýeten hüjümlerde ulanylan ýaraglaryň köpüsiniň Belgiýada bikanun satyn alnandygyna ynanýarlar.
"Hakykat şeýle, geçen 5-10 ýyllykda Brýussel bikanun ýarag we bikanun ýarag söwdasynyň gara bazary diýip tanaldy. Terrorist söweşijiler üçin bir hüjümi amala aşyrmagyň ýoly aňsat" diýip, Brýusselde ýerleşýän "Itinera" institutynyň direktory Leo Neels aýdýar.
Belgiýanyň polisiýasy esasy çeşmesi balkan ýurtlary bolan bikanun ýarag söwdasyny basyp ýatyrmaga synanyşýar. Ýöne edil neşe söwdasynda bolşy ýaly, ony durzup bilenok.
Terroristik ulgamlara Brýusselde kök urmaga şert döreden ýene bir zat-da aňtaw gulluklaryna işgärleriň ýetmezçilik edýänligi.
Aýdylyşyna görä, Belgiýanyň aňtaw gullugynyň diňe 600 işgäri bar. Bu bolsa duldegşir goňşy Gollandiýanyň işgärleriniň üçden biridir. Belgiýada gullugyň işleýşi barada hem berk düzgünler bar. Mysal üçin gijelerine öý dökmek gadagan.
"Dogry, Belgiýada howpsuzlyk gulluklaryna belli bir derejede ýeterlik serişde goýberilmän gelindi, häzir hem şeýle. Ýöne syýasy ünsüň we syýasy energiýanyň hemişe howpsuzlyk meselelerine gönükdirilmändigi-de dogry" diýip, Brýusseliň Erkin uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça professory Deýw Sinardet aýdýar.