Orsýetde ýaşaýan türkmenistanly hudožnik Wladimir Annagulyýewiç Artykowa Russiýa Federasiýasynyň Çeperçilik akademiýasynyň hormatly agzasy diýen at berildi.
Wladimir Annagulyýewiç Azatlyk radiosyna özüne edilen bu hormaty şatlyk bilen garşylandygyny, sebäbi munuň döredijilikde gazanan uly-kiçi ýeňişleriniň ykrar edilmegi bolandygyny, uly sylagdygyny, şeýle-de bu sylagy Akademiýanyň prezidenti Zurab Konstantinowiç Sereteliniň öz eli bilen gowşurandygyny gürrüň berdi.
Mundan birnäçe ýyl ozal Wladimir aga Orsýetiň Çeperçilik akademiýasynyň iň ýokary sylagy, Şuwalow medaly hem bilen sylaglanypdy. Ýaşuly hudožnik özüne Çeperçilik akademiýasynyň ilkinji sylagynyň baryp 60 ýyl çemesi ozal, SSSR Çeperçilik akademiýasynyň şol wagtky başlygy, tanymal herýkeltaraş Tomskiý tarapyndan gowşurylandygyny ýatlady.
Ýaşuly hudožnik Çeperçilik akademiýasynyň ýolbaşçysynyň ozalky sowet respublikalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Orsýetde ýaşaýan suratkeşleriniň işine uly üns berýändigini aýdýar.
Türkmenistanly hudožnik Moskwada öňki sowet respublikalaryndan gelip, öz döredijilik işlerini dowam etdirýän adamlaryň işine şeýle sylag-hormat edilmegine özüniň ýürekden begenýändigini we munuň üçin Çeperçilik akademiýasynyň ýolbaşçylaryndan örän minnetdardygyny hem sözüne goşdy.
Watana dolanan kartina
Wladimir Annagulyýewiç Türkmenistanda soňky ýyllarda öz döredijiligine, ýurduň medeniýetine goşan goşandyna berilýän baha, edilýän sylag-hormat barada soralanda, elindäki täze gazetde çap edilen makala salgylanyp, onda «Sowgatlaryň taryhy» atly makalanyň çap edilendigini aýtdy.
Wladimir aga bu makala bilen baglylykda, öz bir kartinasynyň Aşgabada, türkmen prezidentine sowgat hökmünde alnyp gidilendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Orsýetiň Federasiýa geňeşiniň ýolbaşçysy Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk baýramyna gatnaşmak üçin Aşgabada gitmezinden öň, türkmen prezidentine sowgat bermek üçin, Orsýetde ýaşaýan türkmen hudožniginiň işini saýlaw alypdyr.
Emma ol Aşgabatda öz kartinasynyň nähili garşy alnandygy, Orsýetde ýaşaýan türkmen hudožniginiň işiniň sowgat hökmünde watana dolanmagyna nähili reaksiýa bildirilendigi barada hiç bir zat eşitmändigini hem boýun aldy.
1934-nji ýylda doglan Wladimir Artykow Türkmenistan SSR-niň sungatda at gazanan işgäri, Halkara döredijilik akademiýasynyň hakyky agzasy, onuň işleriniň sergileri soňky ýyllarda Kremlde, Moskwadaky sergi merkezinde, Kolomna şäherinde, Podolskiý sergi zalynda guraldy. Artykowyň kartinalary Döwlet Tretýakow galareýasynda, Orsýetiň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň... döwlet muzeýlerinde saklanylýar.
Ol «Suw hakynda aýdym», «Jadygöýler biziň ýanymyzda» ýaly dokumental filmleri döretdi, Aşgabadyň we Harkowyň drama we sazly teatrlarynda goýlan oýunlaryň bir toparynyň çeperçilik bezegini ýerine ýetirdi.