Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Artykow: Hudožnik dünýä çykanda millileşýär


Hudožnik Wladimir Artykow
Hudožnik Wladimir Artykow

Türkmen hudožnikleriniň eserleri dünýäniň birnäçe ýurdunda tanalýar. Olaryň ençemesi Moskwanyng abraýly Tretýakow galereýasynda saklanýar. Olaryň biri Wladimir Annagulyýewiç Artykow - türkmen žiwopis ussady, kino we teatr hudožnigi, režissýor-dokumentalist, akademik, Halkara çeperçilik akademiýasynyň wise-prezidenti we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri. Wladimir Artykowyň eserleri ençeme ýurduň, şol sanda Orsýetiň we Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýar.

Azatlyk Radiosy Wladimir Annagulyýewiç Artykow bilen Türkmenistanyň çeperçilik mekdebiniň taryhy we üstünlikleri, onuň geçmişdäki ösüşiniň aýratynlyklary barada söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Wladimir Annagulyýewiç Türkmenistanda çeperçilik sungatynyň gadymy taryhynyň bardygyny siz öz çykyşlaryňyza belläp geçdiňiz, emma sungat hökmünde şekillendiriş sungatynyň düýbi haçan tutuldy diýip pikir edýärsiňiz?

Wladimir Artykow: Yslam adamyň şekilelndirilmegini gadagan edýär, şonuň üçin tematiki kartina sungaty adamy şekillendirýän portretler diňe geçen asyrda aktiw ösüp başlady. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty, şekillendiriş, skulptura, grafika, teatr we kino bezeg sungaty sowet döwründe emele geldi. 1920-nji ýyllarda Mazel, Wladyçuk ýaly orsýetli hudoznikleriň iniswtiwasy bilen Aşgabatda Gündogaryň öňde baryjy sungat mekdebi döredildi. Bu mekdebi gutaran hodožnikler Turkmenistayň milli medeniýetinde uly yz galdyrdylar.

Birinji hudožnikleriň hatarynda Bäşim Nuralyny, Olga Mizgirýowany, Sergeý Beglýarowy agzamak mümkin. 1950-nji ýyllarda olaryň hataryna Moskwada we Leningradda bilim alan türkmenistanly hudožnikler hem goşuldylar. Olaryň arasynda Aýhan Hajyýewi, Aman Gulyýewi, Yzzat Gylyjowy görkezmek mümkin.

1950-nji ýyllarda, meniň okan döwrümde, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik uçilişesinde ajaýyp pedagoglar-hudožnikler okadýardylar: Irina Piradowa, Mujafar Donişwar, Ogir Poýda, Ýakub Annanurow, Sabhan Hajyýew, Gennadiý Brisensew, Aman Kulyýew. Meniň bilen bile okan ýoldaşlarym, soň meşhur bolan hudöžnikler, ýakynda aradan çylan Durdy Baýramow, şeýle-de Annadurdy Almämedow, Şajan Akmuhammedow we ors hudožnikleri Anatoliý Salin, Iwan Plaksin, galmyk Kim Öldaýew we powolžyýeli nemes Georgiý Brin.

Azatlyk Radiosy: Şu günki gün türkmen hudožnikleriniň kartinalaryny dürli ýurtlaryň muzeýlerinde görmek mümkin. Diňe bir Orsýetiň Tretýakow adyndaky döwlet kartina galereýasynda türkmen hudöžnikleriniň ençeme eserleri bar. Bu barada jikme-jik gürrüň beräýseňiz.

Wladimir Artykow: Tretýakow galereýasyna Bäşim Nuralynyň “Joralar” atly katinasy (1957) , Meniň “Komsomol toýy” (1978) we “Garagum kanalyndaky toý” atly (1982) kartinalarym alyndy, Stanislaw Babikowyň “Hazar balykçylarynyňkyda” (1971) we “Amyderýänyň tokaýlary” (1972) Durdy Baýwramowyň ”Hudožnik Dmitriý Biýstiniň portreti” (1979) we “Salyr eje” (1972) Gennadiý Brusensewiň “Futbolçy” (1955) we Yzzat Gylyjowyň “Gyrkymçylar” (1964), şeýle-de “Täze eýýäm” (1975) we “Ertir toý bolar” (1972) atly kartinalary we beýlekiler alyndy.

Azatlyk Radiosy: Wladimir Annagulyýewiç, siziň nukdaýnazaryňyzdan Türkmenistanda şekillendiriş sungatynyň ösmegi üçin iň amatly döwür haçan bolupdy?

Wladimir Artykow: Men iki döwri agzardym. Birinji döwür, Bäşim Nuralynyň we Mizgirýewanyň öňe saýlanan döwri. Soň belli bir derejede durgunlyk emele gelipdi, ýagny öýkünjeňlik duýlupdy. Hakykaty ýoýup görmek synanyşyklary edilipdi, bu 1940-1950-nji ýyllara degişli. Meniň pikirimçe, şekillendiriş sungatynyň hakyky güýçli ösüşi 1960-1970-nji ýyllarda boldy. Ägirt uly ussat Yzzat Gylyjow öňe saýlandy, onuň yzyndan meniň döwürdeşlerim Durdy Baýramow, Şajan Akmuhammedow, Mämed Mämedow dagylar öňe saýlandylar. Şol döwürde bütinsoýuz sergilerinde türkmen şekillendiriş sungatynyň ady ýaňlanýardy. Bu ösüş döwri Sowet Soýuzynyň dargamagyna çenli dowam etdi. Soň bolsa her kim özüçe gün görmeli boldy, bar zat üýtgedi.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda şekillendiriş sungatynyň ösüş döwri diýip agzan ýyllaryňyza mahsus nähili şertler şu günki gün ýetmezçilik edýär? Türkmen sungat ussatlarynyň arasynda täze atlaryň ýaňlanmagyna näme päsgel berýär?

Wladimir Artykow: Birinjiden, öň Türkmenistan respublikasynyň ýolbaşçylary Hudožnikler bileleşigine üns berýärdiler, gowy sergi zallary, hudožnikler üçin ussahanalar döredilýärdi. Bu hudožnikleriň işlemegi üçin şert döredýärdi, üstesine, stimul, itergi berýän ýagdaý bardy, resbublikan, bütinsoýuz sergilere gatnaşmak mümkinçiligi döreýärdi. Bu türkmen sungatyny respublikanyň çäginden daşary çykarýardy.

Azatlyk Radiosy: Hudožnige ösmek üçin näme gerek?

Wladimir Artykow: Meniň pikirimçe, hudožnik haçan-da beýleki ýurtlaryň hudožnikleri bilen bilelikde öz eserlerini görkezende, beýlekiler bilen deň derejede ykrar edilende, diňe şonda hakykatdanam çuňňur milli hudožnige öwrülýär. Bu islendik sungata degişli. Diňe şonda öşüş we üstünlik barada aýdyp bolýar, bolmasa süngat ýurduň içinde galsa, ol diňe bir öý senedine öwrülýär.

XS
SM
MD
LG